Sepleriň elýeterliligi

Arap Emirlikleri pakistanly gyzyň saglygyny bejermekçi


Ýekşenbe güni Pakistanyň resmileri ýakynda talybanlar tarapyndan atylyp ýaralanan 14 ýaşly gyzy bejermek üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň ýörite uçar ýollamaklygy planlaşdyrýandygyny mälim etdiler.

Pakistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Jamil Ahmed Khan bu uçaryň pilotlaryna we olar bilen barjak 6 sany doktora häzirki wagt wizalaryň taýýarlanýandygyny aýtdy.

Şu geçen hepdäniň sişenbe güni pakistanly talybanlar 14 ýaşly Malala Ýusufzaýy atyp ýaraladylar.

Malala Ýusufzaý talybanlaryň eden-etdilikleri bilen baglanyşykly wakalar barada yzygiderli blog ýazyp, giň meşhurlyk gazanypdy. Oňa edilen bu hüjüme halkara derejesinde ýiti reaksiýa bildirildi.
XS
SM
MD
LG