Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Türkiýäniň uçarlaryna garşy gadagançylyk girizdi


Ýekşenbe güni Siriýanyň hökümeti Türkiýäniň ýolagçy uçarlarynyň Siriýanyň howa giňişliginden geçmeklerini gadagan edýändigini yglan etdi. Bu barada ýekşenbe güni Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki SANA habar agentligi mälim etdi.

Bu wakadan üç gün öň Türkiýe Siriýanyň Moskwadan uçup gelýän ýolagçy uçaryny saklap, ondaky ýükleriň belli bir bölegini konfiskasiýa edipdi. Türkiýe tarapy bu ýüküň harby enjamlara degişli ýükdügini yglan etdi.

Emma Orsýetiň häkimiýetleri uçardaky ýüküň kanun tarapyndan rugsat berilýän ýükdügini aýdyp, Türkiýäniň bu hereketini ýazgaryp çykyş etdi.

Bu wakanyň yzy bilen Siriýa bilen Türkiýäniň arasyndaky onsuz hem dartgynly gatnaşyklar has-da dartgynlaşdy.
XS
SM
MD
LG