Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Türkiýäniň uçuşlaryna gadagançylyk girizýär


Türkiýäniň günortasynda Siriýa bilen aralykdaky "Akçakala" serhet geçelgesinde türk harbylary gözegçiligi güýçlendirýärler. Sanliurfa provinsiýasy, 7-nji oktýabr, 2012.

Türkiýäniň günortasynda Siriýa bilen aralykdaky "Akçakala" serhet geçelgesinde türk harbylary gözegçiligi güýçlendirýärler. Sanliurfa provinsiýasy, 7-nji oktýabr, 2012.

Ýekşenbe güni Siriýanyň hökümeti Türkiýäniň ýolagçy uçarlarynyň Siriýanyň howa giňişliginden geçmeklerini gadagan edýändigini yglan etdi. Bu barada ýekşenbe güni Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki SANA habar agentligi mälim etdi.

Bu wakadan üç gün öň Türkiýe Siriýanyň Moskwadan uçup gelýän ýolagçy uçaryny saklap, ondaky ýükleriň belli bir bölegini konfiskasiýa edipdi. Türkiýe tarapy bu ýüküň harby enjamlara degişli ýükdügini yglan etdi.

Emma Orsýetiň häkimiýetleri uçardaky ýüküň kanun tarapyndan rugsat berilýän ýükdügini aýdyp, Türkiýäniň bu hereketini ýazgaryp çykyş etdi.

Serhediň üstaşyry hüjümler

Ýakynda, 3-nji oktýabrda Siriýa tarapyndan atylan artilleriýa oklaryndan Türkiýäniň serhet ýakasynda bu ýurduň bäş sany raýatynyň ölmeginiň yzy bilen, bu iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyk görnetin artdy.

Siriýanyň içindäki oppozision ýaragly söweşijilere goldaw berip gelýän Türkiýe Siriýa tarapyndan bu ýurduň territoriýasyna atyljak islendik bir artilleriýa okuna garşy gaýtawul okuny atjakdygy bilen duýduryş berip gelýär.

Bu emele gelen ýagdaý bolsa, öz gezeginde, bu regiondaky ýaragly konfliktleriň has güýçlenmeginiň we giň gerim almagynyň mümkindigi baradaky aladalary-da artdyrdy.

BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi bu soňky ýagdaýlar barada Türkiýäniň resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin şenbe güni Stambul şäherine bardy.

Ol ýakyn günlerde Siriýanyň režiminiň ýarany hasaplanylýan Eýrana, şeýle hem Yraga-da sapar etmekligi planlaşdyrýar.

Stambulda Lahdar Brahimi bilen gepleşik geçiren Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly öz ýurdunyň serhediň üstaşyry edilýän hüjümlere mundan beýläk-de çydamlylyk edip bilmejekdigini nygtady.

Türkiýe goldawsyz däl

NATO-nyň düzümindäki Ankaranyň ýakyn ýarany Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle-de Ahmet Dawutogly bilen şol gün gepleşik geçirdi.

Ahmet Dawutoglunyň pozisiýasyny goldap çykyş eden Guido Westerwelle Orsýetden Siriýa uçup barýan uçaryň saklanmagy bilen baglanyşykly ýüze çykan dawalarda-da Türkiýäniň pozisiýasyny goldaýandygyny mälim etdi.

Bu wakanyň fonunda bolsa, şenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan Stambulda geçirilýän halkara konferensiýasynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary Orsýetiň we Hytaýyň Siriýa babatyndaky rezolýusiýalara weto goýmaklaryny tankytlap çykyş etdi.

Ol bu ýagdaýy 1990-njy ýyllaryň Balkan urşunda Bosniýa-Gersogowinada dörän ýagdaýlar bilen deňeşdirdi. Şonda Birleşen Milletler Guramasynyň haýal-ýagal hereketleri netijesinde graždanlyk urşunda uly ýitgiler, şol sanda Srebrenisa obasynda 8 müň töweregi erkek adamyň köpçülikleýin öldürilmegi ýaly wakalar ýüze çykypdy.
XS
SM
MD
LG