Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Oppozisiýa saýlawlar galplaşdyryldy diýýär


Himkiniň 2997-nji saýlaw uçastogynda şäher häkimi üçin berlen sesler sanalýar. Orsýet, 14-nji oktýabr, 2012 ý.

Himkiniň 2997-nji saýlaw uçastogynda şäher häkimi üçin berlen sesler sanalýar. Orsýet, 14-nji oktýabr, 2012 ý.

Rus oppozisiýasy ýurt boýunça geçirilen ýerli saýlawlarda köp sanly galplyga, şol sanda bir adamyň birnäçe gezek ses bermegine we saýlaw gapyrjaklaryny dykalap goýmaga ýol berlendigini aýdýar.

Ýekşenbe güni Orsýetiň 83 regionynyň 77-sinde ýerli häkimiýetler üçin geçirilen saýlawlaryň irki bölekleýin netijeleri prezident Wladimir Putiniň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň ýeňiji bolup çykandygyny görkezdi.

Geçen dekabrdaky parlament we martdaky prezident saýlawlarynda bolşy ýaly, oppozisiýa aktiwistleri häkimiýetleri hökümetiň goldaýan kandidatlarynyň peýdasyna ses berilmegi üçin kampaniýa gurnamakda aýypladylar.

Gapma-garşylykly maglumatlar

Bölekleýin Günbatar tarapyndan maliýeleşdirilýän “Golos” gözegçilik topary ýekşenbe güni özlerine saýlaw bidüzgünçilikleri barada ýüzlerçe maglumat gowşandygyny aýtdy.

Premiýer ministr Dmitriý Medwedew “çynlakaý düzgün bozmalar” barada eşitmändigini aýdyp, bidüzgünçilikler barada aýdylýanlary ret etdi.

Medwedew “Ýedinaýa Rossiýanyň” kandidatlarynyň saýlawlarda gowy netije gazanandyklaryny, munuň dekabrda geçirilen parlament saýlawlarynda onlarça orny ýitiren partiýanyň dogry ýoldan barýanlygynyň alamatydygyny hem sözüne goşdy.

Ýerli we regional häkimiýetleriň köpüsinde ozal hem “Ýedinaýa Rossiýanyň” agzalary agdyklyk edýärdi.

Ýekşenbe güni bolan ses berişlik Putin özüniň görlüp-eşidilmedik üçünji möhlet prezidentligine başlamak üçin maý aýynda Kremle dolanyp geleli bäri geçirilen ilkinji ählihalk saýlawydyr.

Şeýle-de bu Putin 2004-nji ýylda regionlaryň gubernatorlaryny saýlamagy ýatyraly bäri geçirilen ilkinji gubernator saýlawlarydyr. Şol wagt Putin Orsýeti bölünişikden we jenaýatçylykdan goramak üçin munuň ýaly saýlawlardan dynmaly diýipdi.

Ozalky gubernatorlar ýeňiş gazanýar

Irki netijeler “Ýedinaýa Rossiýanyň” iş başyndaky gubernatorlarynyň gubernator saýlawy geçirilen bäş regionyň ählisinde, Amurda, Brýanskda, Nowgorodda, Belgorodda we Rýazanda ýa ýeňendigini, ýa ümzüginiň ýeňşe tarapdygyny görkezdi.

Gubernatorlary ählihalk ses berişligi esasynda saýlamak geçen dekabrda Orsýetiň saýlaw sistemasynda bar diýilýän adalatsyzlyklara garşy başlanan köpçülikleýin protestler esasynda dikeldildi.

Rus oppozisiýasy gubernator saýlawlarynyň dikeldilmegini ýeke-täk reforma imitasiýasy hökmünde tankyt etdi. Oppozisiýa häkimiýetleriň özleri tarapyndan oňlanmadyk kandidatlary “elekden” geçirmek ýa-da gyraklatmak usullaryny ulanýandyklaryny aýdýar.

Tebigaty goraýjy we Putine garşy aktiwist Ýewgeniýa Çirikowa Moskwa oblastyndaky Himki şäheriniň häkimiligi ugrunda bäsleşdi. Ol ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda öz sebitinde saýlaw düzgünleriniň bir topar bozulmasynyň bolandygyny aýtdy.

Himkiniň täze ýaşaýjylary

“Himkiniň ýaşaýjylary biziň ştabymyza pasport bölümleriniň gijesi bilen işläp, diňe biziň saýlaw uçastogymyzda Himkiniň täze 200 ýaşaýjysyny hasaba alandyklaryny habar berdiler. Biz bu maglumaty, ýagny pasport bölümleriniň saýlawlaryň öňünden gijesine işlemek mümkinçiligini anyklaýarys. Bu saýlaw ne adalatly, ne arassa” diýip, Çirikowa aýtdy.

Himkiniň häkimligi ugrundaky bäsleşige Çirikowanyň garşydaşy bolup gatnaşýan we “Ýedinaýa Rossiýa” tarapyndan goldanýan Oleg Şahow bu diýilýän düzgün bozmalary ret etdi.

“Meniň baryp gören saýlaw uçastoklarymda hemme zat asuda, diňe asuda hem däl, kanuna-da laýyk. Men beýleki saýlaw uçastoklarynda ähli kandidatlara wekilçilik edýän dürli gözegçiler bilen gürleşip gördüm we ol ýerlerde hiç bir düzgün bozmanyň üsti açylmady” diýip, Şahow aýtdy.

Federal Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Leonid Iwlew özlerine ýekşenbe güni geçen saýlawlarda boldy diýilýän bidüzgünçilikler barada diňe 55 sany şikaýat gowşandygyny aýtdy. Ol oppozisiýa tarapdarlaryny saýlawlaryň netijelerini manipulýasiýa etmäge synanmakda aýyplady.
XS
SM
MD
LG