Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 367 müň agaç oturdyldy


Aşgabadyň daşynda ekilen agaçlar, aprel, 2012.

Aşgabadyň daşynda ekilen agaçlar, aprel, 2012.

Türkmenistanda şu sapar 367 müň agaç ekildi. Ýekşenbe günki bu çäre 320 müň adamyň, şol sanda prezident G.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkmenistanda şu sapar ekilen 367 müň nahalyň ýaprakly, arça we miwe agaçlarydygy habar berildi. Resmi maglumatlara görä, döwlet tarapynda gurnalan ýowarda 320 müň adam, şol sanda prezident Berdimuhamedow agaç ekipdir.

Şu ýylda agaç ekmek boýunça birinji aksiýa 10-njy martda geçirilipdi. Şonda milli habar beriş serişdelerinde çap bolan maglumatlara görä, bir günüň dowamynda 467 müň adamyň gatnaşmagynda 715 müň miwe we bezeg agajy ekilipdi. Munuň yzýany Awaza syýahat zonasynda 40 müň agajyň ekiljegi habar berlipdi.

2012-nji ýylyň hasabyna Türkmenistanda ekilen agaçlaryň grafiki şekili Bellik: Grafik Turkmenistan.ru web-saýtynda ýerleşdirilen maglumatlaryň esasynda taýýarlandy.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow “agaçlaryň köp ekilmegi ýurdy gülläp duran baga öwürer", diýip pikir edýär.

Türkmenistanyň agaç ekmek boýunça “Gök guşak” atly döwlet programmasy 1998-nji ýylda, öňki prezident S.Niýazow döwründe işe girizilipdi.

Miwe agaçlary

Türkmenistanda döwletiň görkezmesi bilen býujet işgärleriniň, studentleriň gatnaşmagynda jemgyýetçilik çäresi hökmünde geçirilýän agaç ekişliklerde ilkinji ýyllarda esasan bezeg agaçlary ekilýärdi. Soňky ýyllarda miwe agaçlarynyň, üzümiň has köp ekilýändigi habar berilýär.

Dürli maglumatlara görä, Türkmenistanda ekilýän nahallar ýurduň özünde ýetişdirilýär we daşary ýurtlardan satyn alynýar. Emma resmi maglumatlarda takyk sanlar az, nyrhlar barada maglumat düýpden berilmeýär.

Şu ýylyň aprel aýynda çap bolan resmi maglumatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak boýunça ministrligine degişli Tokaý tohumçylygy we tebigy zolaklary goramak boýunça inspeksiýasynyň Köpetdag zapowedniginde ekmek üçin 10 müň düýp pisse agajyny ýetişdirendigi habar berildi.

Käbir garaşsyz habar beriş serişdelerinde, hususan-da, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň “Moskwa” atly sowhozy bilen erik we badam agaçlaryny satyn almak barada şertnama gol çekendigi habar berildi.

Ekinlere garaşyk

Türkmenistanda ekilen agaçlara ideg meselesi döwletiň üns merkezinde durýar.

Hususan-da 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy nahallaryň ekilişi we olaryň idegi boýunça geçiren derňewleriniň netijesini yglan edipdi.

Şonda ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň garamagyndaky meýdanlarda nahallara talaba laýyk idegiň edilmändigi, ýokary okuw jaýlaryna degişli ýerlerde nahallaryň guranlygy aýdylypdy. Şu sebäpden Oba hojalyk institutynyň rektory işden boşadylypdy.

Halkara programmasy

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş programmasynyň Global ykdysady fondy bilen bilelikde alyp barýan çäreleriniň çäginde 2010-njy ýylyň iýun aýynda ýurduň Nohur, Garagum we Sakarçäge diýen ýerlerinde “ýerli derejede toprakdan durnukly peýdalanmaga” mümkinçilik döretmek maksatly 10 gektar ýerde miwe agaçlary we 42 gektar ýerde arça ekilipdir. Munuň üçin 4 sany skwažina we 17 bent gurlupdyr.

Ekilen agaçlaryň sany

Türkmenistanyň resmi metbugatynda dürli ýyllarda çap bolan maglumatlara görä, 1998-nji ýylda kabul edilen “Gök guşak” atly döwlet programmasy kabul edileni bäri ýurtda ekilen agaçlaryň sany onlarça milliona ýetipdir.

1998-nji ýylda 2 milliona golaý agaç ekilipdir.

1999-2004 aralygynda 50 milliondan gowrak agaç oturdylypdyr. Soňky ýyllarda 70 million çemesi agaç oturdyldy, diýen maglumatlar hem resmi metbugatda çap boldy.

2010-njy ýylda tutuş ýurt boýunça üç milliona golaý agaç oturdylypdyr, iki milliony paýtagtda.

2012-nji ýylda ýurduň her welaýatynda bir ýarym million agajyň ekiljegi şu ýylyň mart aýynyň başynda habar berlipdi. Bu barada, hususan-da, Turkmenistan.ru internet gazeti ýazdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG