Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Saýlawlarda “Ýedinaýa Rossiýa” öňde barýar


Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumat merkezinde regional saýlawlaryň deslapky netijeleri görkezildi. Moskwa, 15-nji oktýabr, 2012 ý.
Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumat merkezinde regional saýlawlaryň deslapky netijeleri görkezildi. Moskwa, 15-nji oktýabr, 2012 ý.
Orsýetiň oppozisiýa liderleri ýekşenbe güni regional gubernatorlar we ýerli deputatlar üçin geçirilen saýlawlara az adamyň gatnaşmagy we ýol berlen bidüzgünçilikler prezident Wladimir Putiniň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň peýdasyna boldy diýýärler.

“Sprawedliwaýa Rossiýa” partiýasynyň lideri Sergeý Mironow saýlawlaryň oktýabryň ikinji hepdesinde geçirilmegi köp adamyň saýlawa gatnaşmak höwesini gaçyrdy diýýär.

“Adamlar gelip, ses bermek islemediler. Bu görnüp duran zat. Biz muny duýdurdyk we duýdurýarys, saýlawlara gelmezlik hemişe dolandyryjy partiýanyň bähbidine bolar - diýip, ol aýtdy. - Saýlawlaryň oktýabryň ikinji ýekşenbesinde, adamlaryň dynç alyşda, heniz daçalarynda dynç alýan wagtynda geçirlmeginden hem ses berişlikleriň boş şäherlerde geçjegi bellidi.”
Amurly aýal regional saýlawa gatnaşýar. 14-nji oktýabr, 2012 ý.
Amurly aýal regional saýlawa gatnaşýar. 14-nji oktýabr, 2012 ý.


Saýlawlar Orsýet Federasiýasynyň 83 regionynyň 77-sinde bolup geçdi.

Käbir ýagdaýlarda saýlaw uçastoklaryna gelip, ses beren saýlawçylar 15 prosentden hem az boldy. Bäş regionda gubernatoryň wezipesini “Ýedinaýa Rossiýanyň” kandidatlary utdy. Şäher häkimligi we ýerli deputatlyk üçin bäsleşiklerde hem “Ýedinaýa Rossiýa” öňde barýar.

“Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň tanymal agzasy Andreý Isaýew öz partiýasynyň ýeňşini oppozisiýa üçin “ýeňliş” diýip atlandyrdy.

Oppozisiýanyň "ýeňlişi"

“Bu diňe “Ýedinaýa Rossiýanyň” ýeňşi däl, eýsem bu sistemanyň içinde işleýän ýa daşynda ýaşaýan oppozisiýanyň hem ýeňlişi bolup durýar. Bir ýyl çemesi ozal dörän oppozisiýa şunça wagtyň içinde ne bir ynandyryjy, açyk-aýdyň programma, ne-de bir kandidat sanawyny hödürläp bildi” diýip, ol aýtdy.

Garaşsyz gözegçiler topary bolan “Golos” guramasy ýurt boýunça bir müňden gowrak saýlaw bidüzgünçiligini hasaba aldy.

Premiýer ministr Dmitriý Medwedew “çynlykaý düzgün bozmalaryň” bolandygyny bilmeýändigini aýdyp, gaplyklar barada aýdylýanlar ret etdi. Şeýle-de Medwedew “Ýedinaýa Rossiýanyň” kandidatlarynyň saýlawlarda gowy netije gazanandyklaryny aýtdy.

Prezident Wladimir Putin regional saýlawlaryň netijeleri “saýlawçylaryň häzirki hökümet guramalaryny we rus döwletliliginiň ösüşini goldamak” niýetlerini görkezýär diýdi.
XS
SM
MD
LG