Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Swetlana Medwedewany “Ruhybelent” ordeni bilen sylaglady


Türkmenistan premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň aýaly Swetlana Medwedewany “Ruhybelent” ordeni bilen sylaglady.

AP habar agentliginiň maglumatyna görä, bu orden Swetlana Medwedewa Türkmenistan bilen Orsýetiň gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan goşandy üçin berlipdir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni GDA ýurtlarynyň intelligensiýasynyň döredijilik we ylmy forumy bilen baglylykda eden çykyşynda ýaşlary ruhy we ahlak taýdan terbiýelemekde Swetlana Medwedewanyň bitiren işlerine ünsi çekdi.

Mundan ozal Swetlana Medwedewanyň Türkmenistan bilen gyzyklanandygy belli edilmeýär. Onuň Türkmenistanyň döwlet nyşany bilen sylaglanmagy Aşgabat bilen Moskwanyň gatnaşyklaryny gowulandyrmak üçin edilýändigi çaklanylýar.

2009-njy ýylda türkmen gazynyň Orsýete importynyň wagtlaýyn togtadylmagy bilen iki ýurduň gatnaşyklary dartgynlaşypdy.
XS
SM
MD
LG