Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň daşary işler ministrleri Siriýa gönükdirilen täze sanksiýalary girizýär


Duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Siriýanyň režimine garşy täze sanksiýalary girizdiler.

Täze sanksiýalaryň esasynda 28 sany siriýaly raýatyň we iki şirketiň aksiýalaryny doňdurmak we olara syýahat gadagançylygyny girizmek barada ylalaşyga gelindi.

Şeýlelikde, ÝB tarapyndan gara sanawa salynan adamyň sany 181-e we kompaniýanyň sany 54-e ýetiriler.

Bu çäreleriň protestçilere garşy bidüzgünçilikleri ulanan adamlara we repressiýalar üçin niýetlenen enjamlar bilen režimi üpjün edýän kompaniýalara degişlidigi habar berilýär.

Ministrleriň maslahatynda Belorusa we Eýrana garşy hem täze çäreler barada meselelere garalýar.
XS
SM
MD
LG