Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň ogly tussaglykdan boşadyldy


Gyrgyzystanyň daşary işler ministrliginiň resmisiniň maglumatyna görä, duşenbe güni öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň ogly girew astynda tussaglykdan boşadylypdyr.

Gyrgyzystanyň Britaniýadaky ilçihanasynyň maglumatyna laýyklykda, Maksim Bakyýew ABŞ-nyň talaby boýunça 12-nji oktýabrda Londonda tussag edilipdir.

34 ýaşly Maksim Bakyýew 2010-2012-nji ýyllar aralygynda ABŞ-da maliýe we beýleki ykdysady jenaýatlary amala aşyranlykda aýyplanýar.

Londonyň sudy 7-nji dekabrda Maksim Bakyýewiň ABŞ-a ekstradisiýa edilmek meselesine garar.
XS
SM
MD
LG