Sepleriň elýeterliligi

ÝB Siriýa we Eýran babatynda ykdysady sanksiýalary girizdi


ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Katrin Aşton, 11-nji sentýabr, 2012.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Katrin Aşton, 11-nji sentýabr, 2012.

Hepdäniň duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Siriýanyň režimine we Eýranyň hökümetine garşy täze sanksiýalary makulladylar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň hepdäniň duşenbe güni Siriýanyň režimine garşy girizen täze sanksiýalaryna laýyklykda, ýurduň 28 raýatynyň we iki şirketiniň emlägi doňdurylýar, olaryň syýahatçylygyna gadagançylyk girizilýär.

Bu sanksiýalar Siriýada geçen ýylyň mart aýynda konflikt başlanaly bäri ýurduň režimine garşy girizilen 19-njy gadagançylyk. Sanksiýalaryň netijesinde Ýewropa Bileleşiginiň gara sanawyna girizilen adamlaryň sany 181-e, guramalaryň sany bolsa 54-e ýetirildi.

Bu çäreler protestçilere garşy zorluklara gatnaşygy bolan adamlara we Siriýanyň režiminiň repressiýalary üçin ulanylýan enjamlar bilen üpjün edýän şirketlere degişli.

Eýran we Belarus

Şeýle-de Ýeropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Eýrana garşy ykdysady sanksiýalary makulladylar we Belarus babatynda täze çärelere garadylar.

Resmiler bu çäreleriň Tähranyň ýadro programmasy boýunça alyp barýan işlerini bes etmekden boýun gaçyrmagy sebäpli görülýändigini aýtdylar. Günbatar döwletleri Tähranyň ýadro programmasyny ýadro ýaragyny döretmek üçin alyp barýandygyny aýdýarlar.

Maslahata gatnaşan Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýolbaşçysy, şeýle-de guramanyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça wekili Katrin Aşton gepleşikler üçin umydyň bardygyny aýtdy.

“Şu gün biz goşmaça çäreleri gözleýäris, biz olary duşuşykda maslahat ederis, emma bilşiňiz ýaly biz Eýranyň parahatçylykly we graždan ýadro programmasy üçin mümkinçiliklerini öwrenmäge tagalla edýäris”, diýip Aşton aýtdy.

Şol bir wagtda-da Aşton Ýewropa Bileleşiginiň “Tährana edilýän basyşlary dowam etdirjegini” habar berdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Brusseldäki habarçysynyň sözlerine görä, Eýran babatyndaky sanksiýalar emlägiň doňdurylmagy we wiza gadagançylygy boýunça bar bolan gara sanawa 34 guramanyň we bir adamyň girizilmegini göz öňünde tutýar.

Habarçynyň sözlerine görä, gadagançylyk ynsanperwer kömegi, azyk we derman söwdasy, şeýle-de gaz importy bilen bagly bolmadyk maliýe şertnamalara degişli bolar.

Sanksiýalar Ýewropa Bileleşiginiň şirketleriniň Eýran tarapyny gämi gurmak üçin tehnologiýalar, nebit önümçiligi üçin enjamlar bilen üpjün etmegini we ýurda metallary satmagyny gadagan edýär.

Belarusa gezek gelende, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň bu ýurduň 243 raýatyna we 32 guramasyna garşy gadagançylyklary ýene bir ýyl uzaltmaklaryna garaşylýar. Bu çäklendirmeler Belarusyň 2-nji sentýabrda geçiren we halkara derejesinde tankyt edilen parlament saýlawlary bilen bagly.
XS
SM
MD
LG