Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa 2013-nji ýylda “müňlerçe” esgerini Owganystandan çykarýar


Britaniýanyň goranmak ministri Filip Hammondyň aýtmagyna görä, geljek ýylda Britaniýa “müňlerçe” esgerini Owganystandan çykarmaklygy planlaşdyrýar.

Hammond 2013-nji ýylda Owganystandan çykaryljak Britan esgerleriniň takyk sanyny aýtmady.

Ýöne ýekşenbe güni BBC kanalyna beren interwýusynda Hammond 2013-nji ýylyň başynda ol ýerde 9 müň esgeriniň boljakdygyny aýtdy.

“2014-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa ol ýerde biziň harbylarymyz galmaz, şunlukda 2013-nji ýylyň ahyrynda uly ädimiň ädiljekdigine garaşýan” diýip, Hammond aýtdy.

2014-nji ýylyň ahyrna çenli ähli daşary ýurtly harbylar Owganystandan çykmaly we howpsuzlygy goramaklygy ýerli owgan güýçlerine tabşyrmaly edildi.

Häzir daşary ýurtly harby güýçleriniň 100 müň töweregi esgeri Owganystanda gulluk edýär.
XS
SM
MD
LG