Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly ýaş aktiwist Londonda bejergi alar


Pakistanyň hökümeti talyplar tarapyndan hüjüm edilip ýaralanan Malala Ýusufzaýy Britaniýa bejergi almaga ugratdy.

Pakistanyň resmileri Ýusufzaýyň Birleşen Arap Emirligine degişli ýörite uçar bilen Yslamabatdan Londona iberilendigini mälim etdiler.

14 ýaşyndaky Ýusufzaý hüjümden soňky fiziki we psihiki ýaradan saplanmak üçin uzak wagtlap bejergi almaly bolar diýip, Pakistanyň harbylary aýdýarlar.

Malala we onuň ýene iki sany klasdaş jorasy geçen sişenbe güni ýurduň demirgazyk-günbataryndaky sebitde mekdepden gaýdyp gelýärkäler talybanlar tarapyndan hüjüm edildi.

Halkara jemgyýetçiligi bu hüjümi berk ýazgardy. Malala terrora garşy internetdäki çykyşlary bilen meşhurlyk gazandy.
XS
SM
MD
LG