Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: oppozisiýa saýlawlarda galplyklaryň bolandygyny güman edýär


Orsýetiň oppozisiýasy 14-nji oktýabrda ýurt boýunça geçirilen ýerli saýlawlarda köp sanly galplyga, şol sanda bir adamyň birnäçe gezek ses bermegine we saýlaw gutularyny dykalap goýmaga ýol berlendigini aýdýar.

Saýlawlaryň deslapky netijeleri 83 regionyň 77-sinde häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň ýeňiş gazanandygyny görkezýär.

Geçen dekabrdaky parlament saýlawlarynda we mart aýyndaky prezidentlik saýlawlarynda bolşy ýaly, Orsýetiň oppozisiýa toparlary hökümeti goldaýan kandidatlaryň haýryna häkimiýetleriň sesleri galplaşdyrandygyny aýdýarlar.

Günbatar tarapyndan maliýeleşdirilýän “Golos” monitoring topary saýlawlarda ýüzlerçe galplyklaryň bolandygyny habar berýär.

Premýer-ministr Dmitriý Medwedew galplyklar baradaky aýyplamalary ret etdi.
XS
SM
MD
LG