Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystandaky özbek mähellesi


Etniki özbekler Gyrgyzystanyň Jalalabad şäherinde ýöriş geçirýärler. 10-njy aprel, 2010 ý.

Etniki özbekler Gyrgyzystanyň Jalalabad şäherinde ýöriş geçirýärler. 10-njy aprel, 2010 ý.

1991-nji ýylda, haçan-da ozalky sowet respublikasy Gyrgyzystan garaşsyz döwlet statusyna eýe bolanyndan soň, bu ýurtda eýýäm esli wagt bäri ýaşap gelýän etniki özbekler özlerini başga bir döwletiň ilaty hökmünde duýup başladylar.

Gyrgyzystandaky etniki özbekler täze şertlerde özleriniň güzeranyny aýlamak üçin nähili çäreleri gördüler? Şeýle-de 2010-njy ýylyň ganly wakalaryndan soň etniki özbekleriň ozalky durmuşy yzyna gelip bilermi? Bu soraglara jogap tapmak üçin Azatlyk Radiosy Ohio Döwlet uniwersitetinde işleýän medeni antropolog, şeýle-de Gyrgyzystandaky ýagdaýlar boýunça 16 ýylyň içinde barlag geçirip, kitap ýazan Morgan Liu bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz özüňiziň “Süleýmanyň tagty astynda: Dikeldilen Oş babatynda özbek garaýyşlary” atly täze kitabyňyzda Gyrgyzystandaky etniki özbekleriň durmuşynda mähelle diýen düşünjäniň, ýagny goňşuçylyk jebisliginiň möhümligine ünsi çekýärsiňiz. Siz bu barada has anygrak gürrüň berip bilersiňizmi?

Morgan Liu: Mähelle, esasan hem Gyrgyzystanda etniki özbek bolup ýaşamak nazaryndan seredilende, uly ähmiýete eýe. Sebäbi bu ýagdaýda etniki özbekler özleriniň hakyky durkuny saklap bilýärler. Oşda dürli etniki toparlaryň wekilleri mähelle bolup ýaşasa-da, bu regionda esasan etniki özbekler agdyklyk edýärler.

Mähelläniň çäklerinde özbekleriň durmuşynyň möhüm taraplary amala aşyrylýar. Ýagny, toýlar tutulýar, jynazalar okalýar, şeýle-de adamlary birek-birek bilen jebisleşdirýän resmi bolmadyk beýleki dep-dessurlar berjaý edilýär. Umuman aýdylanda, özbekleriň durmuşyndaky möhüm wakalar mähelläniň çäklerinde bolup geçýär.

Mähelle diňe belli bir sebitde ýaşaýan adamlaryň üýşmeleňini aňlatmaýar. Käbir adamlar mähellä etniki özbekleriň ýaşaýan, olara degişli we goralmaly bir region diýen manyny hem berýärler. Taryhda muňa güwä geçýän ýagdaýlar hem boldy. 1990-njy ýylda Oşda ilkinji etniki ýörişler geçirilen bolsa, 2010-njy ýylda bu has gazaply häsiýete eýe boldy.

Meniň diýjek bolýanym şu: gazaplylygyň, gandöküşikligiň ýok mahaly mähelläniň uly ähmiýeti bar. Bu özbek bolmagyň düýp manysyny berýär diýsek hem bolar. Tutuş Gyrgyzystan boýunça hasaba alsaň, ol ýurtdaky etniki özbekleriň sany juda ujypsyz. Şol sebäpden mähelläniň çäklerinde özbekler özleri bolup, diňe özlerine mahsus däp-dessurlaryny amala aşyryp bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz Gyrgyzystandaky özbek mähellesiniň bir jemgyýetçilik garaýşyny döredýändigini hem öňe sürýärsiňiz. Siz munuň ýurt derejesindäki täsiri barada gürrüň berseňiz.

Morgan Liu: Oşdaky bolan gandöküşiklige garamazdan, men kitabymy juda umyt beriji bir äheňde ýazdym. Meniň geçiren barlaglarymyň netijesi şeýle, ýagny geljekde mähelläniň uly ähmiýeti bolar. Eger-de jemgyýet belli bir ýollardan ugur alnyp döredilse, onda munuň tutuş ýurt üçin hem uly bähbidi bar. Haçan-da bir jemgyýet esaslandyrylanda, onda gowy edim-gylymly, ahlakly adamlaryň keşbi şöhratlandyrylmaly. Olar munda yslamyň hem ornunyň bolmalydygyna ynanýarlar.

Olaryň pikiriçe, eger-de mähelläniň içinde adamlar dogry hüý-häsiýetli şahsyň göreldesi esasynda terbiýelense, munuň, umuman aýdylanda, tutuş döwlet üçin hem uly bähbidi bar. Sebäbi olaryň döwleti – Gyrgyzystan. Bu 2000-nji ýyldan soň has-da aýdyň duýlup başlady. Gyrgyzystandaky etniki özbekler özlerine gyrgyz raýatlary hökmünde garap başladylar. Şeýdip, olar adaty bolaýmaly – “Biz nädip Gyrgyzystanda gowy jemgyýeti gurmaly?” diýen soragy orta atdylar.

Azatlyk Radiosy: 2010-njy ýylda etniki gyrgyzlar bilen etniki özbekleriň arasyndaky bolup geçen ganly çaknyşyklardan soň mähelläniň ähmiýeti näderejede üýtgedi?

Morgan Liu: 2010-njy ýyldan soň özbekler esasan özleriniň mähellelerinden çekilip başladylar. Oş şäheriniň jemgyýetçilik ýerlerinde indi öňküsi ýaly köp sanly özbekleri görüp bolmaýar. Şeýle-de, ozallar mähelläniň çäklerinde amala aşyrylýan her dürli däp-dessurlar, toýdur-dabaralar galdy.

2010-njy ýyldan soň bir dymyşlyk döredi. Özbekler döräp biläýjek meseleleriň öňüni almak üçin, öz hereketlerini çäklendirdiler. Häzir bu sebitde diýseň täsin bir ýagdaýlar emele geldi.

Häzirki ýagdgaýlarda özbekleriň geljege nähili umytlar bilen garaýandygyny aýtmak kyn. Ýakyn geljek göz öňünde tutulanda, belki käbir zatlary çaklap hem bolar. Ýöne men hiç hili optimistik zatlary aýdyp biljek däl.

“Biz gowy bir mähelläni kemala getirip, umumy ýurda hem peýda getireris” diýen pikiriň indi haçan täzeden gün tertibine girjekdigini bilemok. Oş sebitindäki etniki özbekleriň Gyrgyzystanda parahatçylykly gatnaşyklara esaslanýan bir jemgyýeti gurmak synanyşygy hem şowly bolmady.

Häzirki pursat nämäniň galyp, nämäniň geçmişe gidendigini aýtmak kyn. Özbekler umytsyzlyk, hasrat ýaly duýgurlary başdan geçirýärler. Olaryň arasynda: “Biziň Gyrgyzystanda geljegimiz barmy? Men bilemok. Men beýledir öýdemok” ýaly gep-gürrüňleri eşitmek bolýar. Käbir adamlaryň maňa göni: “Men bu geljegi göremok” diýenleri hem boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz öz geçiren barlaglaryňyz netijesinde gyrgyzlaryň ýurtdaky özbeklere bolan garaýyşlary barada näme aýdyp bilersiňiz?

Morgan Liu: Hawa, bu hem umumy ýagdaýyň möhüm taraplarynyň biri. Gyrgyzlar özbekleriň ýurtda aýratyn möhüm orunlary eýeleýändigine ynanýarlar. Gyrgyzlar özbekleriň telekeçilik bilen köp meşgullanýandygyny, şeýle-de olaryň 1990-njy ýyllaryň dowamynda ýurduň ykdysadyýetine belli bir derejede kontrollyk edendiklerini öňe sürýärler. Garaz, özbekleriň mal-mülki bardy.

Şol bir wagtyň özünde ýurtda özbek dilini we edebiýatyny ýaýradýan köp sanly medeni merkezler hem iş alyp barýardy. Şunlukda gyrgyzlaryň arasynda ýurtda özbekleriň gowy ýaşaýandygy barada pikirler döredi.

Başga bir tarapdan, gyrgyzlar ýurtda etniki özbekleriň, Özbegistandaky özbeklerden tapawutlylykda, has köp haklarynyň we ygtyýarlyklarynyň bardygyny hem gördüler. Şeýle-de gyrgyzlar Özbegistandaky etniki gyrgyzlaryň has ýaramaz şertlerde ýaşaýandygyna ünsi çekýärler. Ýagny, olar bu iki döwletdäki milli azlyklary deňeşdirýärler. Umuman aýdylanda, gyrgyzlar özbekleriň has gowy, gyrgyzlaryň bolsa ýaramaz ýaşaýandygyny belleýärler.

2010-njy ýylda gyrgyzlar özbekleriň syýasy krizisden peýdalanyp, özleriniň awtonomiýasyny döretmeginden howatyr etdiler. Emma, meniň söhbetdeş bolan etniki özbeklerimiň ählisiniň bellemegine görä, bular ýaly pikir olaryň hakydasyna-da gelmändir. Olar düýbünden başga zady gürrüň berdiler. Meniň pikirimçe, şol wakalardan soň iki ýyl çemesi wagt geçse-de, ähli taraplaryň ýaralary heniz hem bitenok.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanyň Oş sebitinde bolup geçen wakalara Özbegistanda nähili garaldy?

Morgan Liu: Serhedaşa gatnaşyklaryň berkdigi sebäpli, Özbegistanda bu wakalara akyla sygmajak bir betbagtçylyk hökmünde garaldy. Beýleki bir tarapdan, Özbegistandaky özbekler özleriniň Gyrgyzystandaky kowumdaşlarynyň gurýan jemgyýetçilik modeline gyzyklanma bilen garaýardylar, bu olaryň özüniňkiden tapawutlydy. Munuň hem birden ýumrulmagyna şaýat bolmaklary, elbetde, Özbegistandaky özbekleriň lapyny keç etdi.

Munuň Özbegistandaky özbekleri nirä eltjekdigini çaklamak aňsat däl. Ýöne, meniň pikirimçe, bu geljek babatynda nämälimlik döredýär. Meniň pikirimçe, bu waka gatnaşygy bolan her bir tarap şol bir soraglary soraýan bolmaly: “Merkezi Aziýada nähili jemgyýet gurulmaly? Sebitde nähili ykdysady reformalar amala aşyrylmaly? Haýsy syýasy sistema saýlanyp alynmaly? Azatlyklar nähili bolmaly?”. Bu sebit üçin juda möhüm we uly sowallar.

2010-njy ýylyň wakalarynyň betbagtçylygy netijesinde Sowet Soýuzy dargandan soň, Merkezi Aziýada gowy, köpmilletli bir jemgyýeti gurmak hyýallary puja çykana meňzeýär.

Azatlyk Radiosy: Siz Gyrgyzystanda etniki gyrgyzlar bilen etniki özbekleriň arasyndaky çydamlylyk gatnaşyklarynyň täzeden dikeldilmegine nähili garaýarsyňyz?

Morgan Liu: Salnan ýaralaryň bitmegi üçin juda uzak müddet gerek. Garaz, sebitde bolup geçen aýylgançlyklary hasaba alanyňda hem, men wakalaryň düzeljekdigine optimizm bilen garaýaryn.

Meniň tanaýan gyrgyz, özbek, ors we regionda ýaşaýan beýleki milletleriň wekillerinden bilşime görä, bu milletleriň çeýeligi bar. Men olaryň işlemek höwesiniň hem bardygyny bilýärin. Ýöne geljegiň gowy bolmagy üçin käbir meseleler hökmany gozgalmaly. Bu hem adalat.

Meniň pikirimçe, eger-de jemgyýetleriň arasynda adalatlylyk duýgusy bolmasa, hemme zadyň kanuna görä alnyp barylýandygyna ynanç bolmasa, onda gowy geljek bolmaz. Eger-de her edip, hesip edip, ýurtda adalatlylygyň bardygyna ynamy döretmek başartsa, onda meniň entek umydym bar.
XS
SM
MD
LG