Sepleriň elýeterliligi

Heýg: Britaniýanyň niýeti Eýrandaky režimi üýtgetmek däl


Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Britaniýanyň daşary işler ministri Uiliýam Heýg Tähranyň ýadro programmasy sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň girizen sanksiýalarynyň üsti bilen Britaniýanyň Eýrandaky režimi üýtgetmäge synanyşýandygy baradaky pikirleri ret etdi.

Duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň agzalary Tähranyň ýadro ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni almak üçin Eýrana garşy täze sanksiýalar tapgyryny kabul etmek barada ylalaşdylar. Emma Britaniýanyň daşary işler ministri bu çäräniň Eýrandaky syýasy liderligi üýtgetmegi maksat edinmeýändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Biziň maksadymyz we Eýran boýunça syýasatymyz – režimi üýtgetmek däl. Biz Eýranyň halky nähili karara gelse, oňa hormat goýarys, bu geljekde demokratik prosesde bolar diýip umyt edýäris" diýip, Heýg aýtdy. "Emma biziň maksadymyz ýadro programmasy baradaky meseläni çözmekdir. Eger-de ýadro meselesini çözüp bilsek, onda sanksiýalar bolmaz, Günbataryň Eýrana garşy şeýle basyşlary bolmaz. Gürrüň diňe ýadro programmasy barada barýar".

Şu ýyl Britaniýa we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň beýleki hemişelik agzalary we Germaniýa Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni almak baradaky gepleşiklerde saklanyp galdylar.

Emma bu gepleşiklerde kän bir öňegidişlik gazanylmady. Duşenbe güni Heýg ÝB-niň girizen täze sanksiýalarynyň Tährany gepleşiklere dolanyp gelmäge yrjagyna umyt baglaýandygyny mälim etdi.

"Bu sanksiýalar güýçli. Olaryň täsiri hakykatdanam uly. Elbetde, biz bu sanksiýalaryň hökümetiň syýasatyny üýtgetjegine Eýranyň daşyndan kepil geçip bilmeris. Emma bu çäre beýleki ähli çemeleşmeleriň arasynda iň gowusydyr" diýip, Heýg aýtdy. "Biz konfliktiň öňüni almaga çalyşýarys. Biz parahatçylykly ylalaşygy gazanmaga çalyşýarys. Şonuň üçin, biz hemişe sanksiýalar bilen bilelikde ygtybarly gepleşikleri hödürleýäris".

ÝB-niň girizen täze sanksiýalarynyň arasynda Eýranyň tebigy gazynyň ÝB-e import edilmegine gadagançylyk girizmek we Tährana alýuminiň satylmagyny togtatmak ýaly çäreler hem bar.

Duşenbe güni ÝB-niň daşary işler ministrleri ÝB-niň raýatlaryna we kompaniýalaryna degişli bolan gämileriň Eýranyň nebit we himiýa önümlerini daşamakda indiden beýläk ulanylyp bilmejekdigi barada hem ylalaşdylar. Eýrany gämi gurluşygy üçin niýetlenen harby-deňiz enjamlary we tehnologiýa bilen üpjün etmek hem gadagan edildi.

Ýewropa bilen Eýranyň banklarynyň arasyndaky Tähranyň ýadro programmasyna ýa-da ballistik raketa önümçiligine goşant goşup biljek pul geçirimlerine hem gadagançylyk girizildi.

Heýg ÝB öz giňeldilen sanksiýalarynyň Eýranyň adaty raýatlaryna ýaramaz täsir etmeginiň öňüni almaga çalyşýar diýdi. Emma ol bu ähtimallygy aradan aýyrmady.

"Biz öz sanksiýalarymyzda adamlara gönüden-göni täsir etjek zatlary mümkin boldugyça ulanmazlyga çalyşýarys. Biz maliýe sanksiýalarymyzda gumanitar ugurlary tapawutlandyrýarys. Biz öz sanksiýalarymyza azyk importy ýaly zatlary goşmadyk. Şunlukda, biz Eýranyň halkyna zyýan ýetirmäge çalyşmaýarys" diýip, Heýg aýtdy.

Heýg Britaniýany Eýranyň ýadro programmasy babatda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň eýeleýän pozisiýasynda görkezmegi hem ret etdi.

"Biz hiç hili gyzyl çyzyk goýamzok, biz hiç hili möhlet bellemedik, emma biz bu ýagdaýyň has gyssagly krizise öwrülip barýandygyny aýdyp bileris. Eýranyň ýadro programmasy dowam etdigiçe, atom sentrifugalarynyň sany artdygyça, baýlaşdyrylan uranyň möçberi ýokarlandygyça, bu krizis has hem ulalýar, ol has gyssagly meselä öwrülýär" diýip, Heýg aýtdy.

Netanýahu 27-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynda eden çykyşynda, eger-de Tähran ýadro ýaraglaryny öndürip biljek derejä ýetse, onda Tähranyň "gyzyl çyzygy" geçdigi boljakdygyny aýtdy. Bu beýanat bolsa Netanýahunyň öňki pozisiýasynyň üýtgemegi hökmünde alamatlandy. Mundan öň ol "gyzyl çyzygy" atom bombasynyň öndürilip başlanmagy hökmünde kesgitläpdi.
XS
SM
MD
LG