Sepleriň elýeterliligi

Okuwa öz güýji bilen girmäge umyt edýänler köpelýär


Döwlet Mäneli: "Wideokameralaryň işledilen ýerinde öz güýji bilen okuwa gireniň köp bolandygyny duýmak kyn däl".

Döwlet Mäneli: "Wideokameralaryň işledilen ýerinde öz güýji bilen okuwa gireniň köp bolandygyny duýmak kyn däl".

Ýurdumyzda okuwyň başlanyna kyrk günden gowrak geçenem bolsa, henizem ilat arasynda: "Pylanyň ogly öz güýji bilen okuwa giripdir, pylany bolsa ogluny zer dökübem okuwa salyp bilmändir" diýlen gürrüňleri eşitse bolýar.

Türkmenistanda 1989-1992-nji ýyllarda giriş ekzamenleriniň geçişi wideokamera alnyp, ýokary okuw jaýynyň bellenen ýerinde goýlan telewizorda görkezilipdi. Žurnalistler metbugatda giriş ekzamenleriniň gidişi, onuň üstünlikli hem kem taraplary hakynda aç-açan ýazypdylar. Meniň özümem 1989-njy ýylda üç giriş synagyndan bäşlik bahalar bilen geçip, şol ýyllarda zer dökeniň dälde, okap der dökeniň student bolandygyna gözli şaýat boldum.

Şu ýyl giriş synaglarynyň geçişini wideokamera almak däbine gaýdyp gelnendigini gutlamak gerek. Emma bu ýylky giriş ekzamenleriniň wideokamera düşürilişi diňe hökümetiň inisiatiwasy bolup, oňa jemgyýetçiligiň we garaşsyz metbugatyň gözegçiligi ýola goýulmady.

Wideokameralaryň işledilen ýerinde öz güýji bilen okuwa gireniň köp bolandygyny duýmak kyn däl.

Oba hojalyk uniwersitetine giren balkanly student: "Men indi üçünji gezek okuwa synanyşdym, dogrusy şu ýylam student bolaryn diýen umydym azdy, emma meniň bagtym daş ýardy, giriş ekzamenlerimiziň üçüsem wideokamera alyndy, şonuň üçin men şu ýyl student boldum, indi watanymyzda adalatyň bardygyna göz ýetirip başladym" diýýär.

Wideokameralaryň, esasan, Lukmançylyk uniwersitetinde, güýç ulanyjy edaralaryň işgärlerini taýynlaýan ýokary okuw jaýlarynda işledilendigini şol okuw jaýlaryna girmäge synanyşan abiturientleriň köpüsi özara söhbetdeşlikde tassykladylar. Emma beýleki ýokary okuw jaýyna girmäge synanyşan dalaşgärleriň, hatda okuwa giren studentleriň birnäçesi giriş ekzameniniň geçýän ýerinde wideokameralaryň goýlandygyny tassyklasalaram, olaryň öçük durandygyny aýtdylar.

Ýokary okuw jaýynda sapak berýän käbir mugallymlaryň özara söhbetdeşlikde tassyklamagyna görä, ekzamen alan mugallymlaryň azyndan ikisi galplykda aýyplanyp tutulypdyr, ýakynda olaryň sud edilmegine garaşylýar. Giriş synagyny alan mugallymlaryň galplygy döwlet derejesinde hem gytaklaýyn ykrar edilipdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy awgustda geçiren hökümet maslahatynda käbir mugallymlaryň giriş synagynda abiturientiň bahasyny peseldendigini, käbir ýerlerde bolsa bahalaryň ösdürilendigini aýdyp, giriş ekzameniniň geçişini pugta derňemegi degişli ýolbaşçylara tabşyrypdy.

Wideokameralaryň giriş synaglarynda çäkli ýagdaýda goýulmagy-da halkyň adalata bolan umydyny janlandyrdy diýsem öte geçdigim bolmaz. Häzir indiki ýyl öz güýji bilen okuwa girmek umydy bilen kitap okap, taýynlanyp ýören ýaşlar, okuwçylar barmak büküp sanardan köp. Çünki raýatlarymyz, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bolşy ýaly, indiki ýyldan giriş ekzamenlerinde wideokameralaryň goýlup, islän adamyň giriş synaglaryna tomaşa etmegine mümkinçilik döredilip, zehinli ýaşlara okuwa girmäge uly mümkinçiligiň boljakdygyna umyt edýärler.

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG