Sepleriň elýeterliligi

Ýangyn "Ahal" ýagynyň bahasyny galdyrdy


Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň "Ahal" ösümlik ýagy kärhanasynyň "Ahal" ýagy

Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň "Ahal" ösümlik ýagy kärhanasynyň "Ahal" ýagy

Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň "Ahal" ösümlik ýagy kärhanasynyň "Ahal" ýagy ilat arasynda uly meşhurlyga eýe. Daglanman ulanmaga niýetlenen bu ýag beýleki welaýatlaryň ýag zawodlarynyň pagta ýaglaryndan tapawutlanýar. Emma bu ýagy häzir paýtagt Aşgabadyň bazarlaryndan tapmak kyn.

Aşgabatdaky lomaý söwda bazarynyň satyjysy Geldimyradyň aýtmagyna görä, häzir "Ahal" ýagy söwda nokatlaryna az möçberde ýaýradylýar. "Örän az getirýärler. Öň bazaryň azyk harytlary satylýan ähli söwda nokatlarynda diýen ýaly bu ýag bardy. Emma ol zawoddaky ýangyndan soň azaldy" diýip, ol aýdýar.

"Ahal" ösümlik ýagy kärhanasynda bolan ýangyn barada hökümet maslahatynda hem mesele gozgalypdy.

"Ahal" ösümlik ýagy kärhanasynda bolan ýangyn barada hökümet maslahatynda hem mesele gozgalypdy.

"Ahal" ösümlik ýagy kärhanasynda bolan ýangyn barada hökümet maslahatynda hem mesele gozgalypdy. Emma bu barada giňişleýin maglumat berilmändi. Ýöne, käbir maglumatlara görä, kärhanada remont işleri geçirilýärkä swarkanyň uçguny kärhananyň ammarynda saklanýan pagta şulhasyna düşüp, ýangyn emele gelipdir. Ýangyny birnäçe sagatdan soň öçüripdirler.

Adynyň aýdylmagyny islemedik ynamdar çeşmäniň berýän maglumatyna görä, bu ýangyna sebäpkär bolan işgäriň hem-de kärhananyň ýolbaşçysynyň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, olar türmä basylypdyr. Emma bu maglumaty resmi çeşmelere tassyklatmak başartmady.

"Ahal" ösümlik ýagy kärhanasynda bolan ýangyn zerarly kärhananyň öndürýän önümleriniň möçberiniň azalmagy bilen bu ýagyň bahasy hem ýokary galypdyr. "Häzir "Ahal" ýagynyň 5 litrini 27 manatdan satýarys. Ilkibaşda onuň bahasy 20-22 manatdy" diýip, Aşgabadyň lomaý söwda bazarynyň satyjysy Geldimyrat aýdýar.

"Oleýnanyň" bahasyna golaýlady

“Ahal” pagta ýagynyň bahasy daşary ýurtlarda öndürilýän günebakar ýaglarynyň bahasyna golaýlady. Mysal üçin, Orsýetde ödürilýän “Oleýna” ýagynyň 5 litriniň bahasy şol möçberdäki “Ahal” ýagyndan 2 manat gymmat bolup, ol 29 manatdan satylýar. “Ahal” ýagynyň täze bahasy bu ýagyň söwdasyna hem öz täsirini ýetiripdir.

Kärhanada her günüň dowamynda ekologiýa taýdan arassa 10 tonna margarin hem öndürilmeli edilipdi.

Kärhanada her günüň dowamynda ekologiýa taýdan arassa 10 tonna margarin hem öndürilmeli edilipdi.

Geldimyrat indi "Ahal" ýagynyň öňki ýaly köp satyn alynmaýandygyny aýdýar. Öň “Ahal” ýagyny ulanan Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Dursun hem indi Orsýetde öndürilýän ýagy satyn alynýandygyny aýdýar.

"Öň "Ahal" ýagy daşary ýurt ýaglaryndan arzandy. Indi bolsa onuň bahasy olar bilen deňleşip barýar. Şonuň üçin Orsýetiň günebakar ýagyny satyn alýaryn. “Ahal” ýagyny bolsa palaw bişirmek üçin satyn alýaryn" diýip, Dursun gürrüň berdi.

“Ahal” ösümlik ýag kärhanasy açylan mahaly resmi metbugat bu kärhananyň Ýewropanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny hem-de kärhananyň işe girizilmegi bilen ýurduň ilatyny ekologiýa taýdan arassa önümler bilen doly üpjün edilejkdigi barada habar beripdi.

Emma käbir ýerli synçylar pagta ýagynyň adamyň saglygyna zeper ýetirip bilýändigini aýdýarlar. Dünýäniň köp ýurtlarynda hem pagta ýagy esasan tehniki harajatlar üçin ulanylýandygy barada internet giňişliginde habar berilýär. Ýöne, muňa garamazdan, Türkmenistanda hem-de beýleki Orta Aziýa döwletlerinde nahar taýýarlananda pagta ýagy giňden ulanylýar. Munuň sebäbi-de bu ýagyň bahasy bilen bagly. Pagta ýagy ýurtdaky bazarlarda iň arzan ýag. Hatda, häzir “Ahal” ýagynyň bahasynyň ýokary galan mahaly hem onuň bahasy beýleki ýaglardan ýokary däl. Ýurduň beýleki welaýatlarda ýerleşen ýag kärhanalarynyň pagta ýaglary bolsa ondanam arzan. Mysal üçin, Baýramalynyň “Ak pamyk” pagta ýagynyň 5 litri 18 manat.

"Ahal" ösümlik ýagy kärhanasynyň açylyşyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşypdy. 2010-njy ýylyň maý aýy.

"Ahal" ösümlik ýagy kärhanasynyň açylyşyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşypdy. 2010-njy ýylyň maý aýy.

​Adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýerli synçynyň pikiriçe, pagta ýagy esasan girdejileri az bolan maşgalalarda köp ulanylýar. "Pagta ýagy arzan. Ilatyň aglaba bölegi has ýokary hilli ýaglary gündelik ulanyp bilmänsoň, pagta ýagyny satyn alýarlar. Ilatyň gurplurak gatlagy günebakar ýagyny, ondan has gurplurak bölegi bolsa mekgejöwen, künji we zeýtun ýaglaryny satyn alýarlar" diýip, ýerli synçy aýdýar.

2010-njy ýylyň 17-nji maýynda açylan Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ýerleşen “Ahal” ösümlik ýag kärhanasyny Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy gurdy. Tutýan umumy meýdany 140 müň kwadrat metr, sehleriň tutýan meýdany bolsa 22 müň kwadrat metr bolan bu kärhananyň bahasy 68 million dollar.

Kärhanada her günüň dowamynda ekologiýa taýdan arassa 50 tonna golaý ýokary hilli pagta ýagy, 10 tonna margarin, şeýle hem maldarçylyk pudagy üçin zerur bolan 140 tonnadan gowrak sarun, 70 tonna şulha we beýleki oba hojalyk önümleri öndürilmeli edilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG