Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we rus prezidentleri telefonda gürleşdiler


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Orsýet Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin telefonda ikitaraplaýyn we köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleri barada maslahat etdi.

Türkmen metbugaty prezidentleriň iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň GDA başlyklygyny nazarda tutmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraply hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky meýillerini mälim edendiklerini ýazýar.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanyň we Orsýetiň arasyndaky medeni alyş-çalyşlary mundan beýläk-de giňeltmek barada gürrüň edilipdir.

Söhbetdeşlik Orsýet tarapynyň inisiatiwasy bilen geçirilipdir.
XS
SM
MD
LG