Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran, pakistan, türk liderleri Bakuwda ykdysady sammite gatnaşmaly


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejadyň, Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardariniň, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň, Türkiýäniň premiýer ministri Rejep Taýyp Erdoganyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sişenbe güni Bakuwda geçjek sammitine gatnaşmagyna garaşylýar.

Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mamadýarow guramanyň on agzasynyň sebitiň ykdysady mümkinçiliklerini has giň ulanmagyň ýollary barada maslahat etjegini aýtdy.

Şeýle-de bu sammite guramanyň beýleki alty agzasynyň, Azerbaýjynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň ýa uly derejli resmileriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG