Sepleriň elýeterliligi

Britan doktorlary Malalanyň gowy gutuljagyny aýdýarlar


Britaniýaly doktorlar Pakistanda talyban jeňçileri tarapyndan kellesinden tüpeňlenen mekdep okuwçysynyň gowy gutulmak mümkinçiliginiň bardygyny aýdýarlar.

14 ýaşly mekdep okuwçysy Malala Ýusufzaý duşenbe güni ýörite bejeriş almak üçin Angliýanyň Birmiňham şäherindäki hassahana getirildi.

Şa Elizabet hassahanasynyň medisina dirketory Deýw Rosser bu bejerişiň aýlap wagt aljagyny aýtdy. Ol bu hassahananyň ýaralanan britan esgerlerini bejermekde we aýak üstüne galdyrmakda uly tejribesiniň we kämil saglyk enjamlarynyň bardygyny aýtdy.

Talyban jeňçileri Malalany bir hepde ozal, Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda, gyzlaryň okadylmagyny goldaýanlygy üçin tüpeňläpdiler.

Bu hüjümde Malaladan başga ýene iki gyz ýaralandy we olar Pakistanda bejerilýär.
XS
SM
MD
LG