Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: 5 milliard dollarlyk galp pul dolanyşyga girizildi


Eýran parlamentiniň Ykdysady komissiýasynyň başlygy Arsalan Fatipur soňky günlerde eýran bazaryna 5 millard dollar möçberinde ýasama puluň girizilendigini aýdýar.

Fatipur bu beýanaty Eýranyň ýarym resmi ISNA habar gullugyna aýtdy. Ol eýranlylaryň galp puly kabul etmekden ägä bolmalydygyny duýdurdy. Ol galp pullaryň çeşmesi ýa-da olaryň dolanyşyga nähili girizilendigi barada hiç zat diýmedi.

Soňky birnäçe aýda Eýranyň pul birligi bolan rialyň hümmeti daşary ýurt pullarynyň garşysynda şu wagta çenli iň pes derejede aşak gaçdy we bu ýurtda amerikan dollaryna bolan talap has ýokary galdy.
XS
SM
MD
LG