Sepleriň elýeterliligi

Siriýada ukrain žurnalistiniň alnyp gaçylandygy aýdylýar


Ukraina Siriýada bir ukrain žurnalistiniň gozgalaňçylar tarapyndan alnyp gaçylandygyny yglan etdi.

Prezident Wiktor Ýanukowiçiň ýazmaça beýanatynda rus telekanaly üçin işleýän Anhar Koçnewanyň tapylmaýandygy habar berilýär.

Prezident öz resmilerine bu işi derňemegi we 40 ýaşlaryndaky žurnalistiň hukuklaryny goramagy buýrandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG