Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Azyk gününi belleýär


Şu gün Dünýä Azyk güni bellenip geçilýär. Bu sene ýylda global açlyga, doýa garna iýip-içip bilmeýän adamlara we garyp-gasarlyga ünsi çekmek üçin bellenip geçilýär.

Bu ýyl Azyk gününiň temasy “Oba hojalyk koperatiwleri dünýäni naharlamagyň açary” diýlip atlandyryldy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bu temanyň koperatiwleriň roluny nygtamak ýa-da adamlaryň umumy bähbit üçin meýletin bileleşip, azyk üpžünçiligini gowulandyrmak hem-de açlygyň soňuna çykmak üçin işlemek zerurlygyna ünsi çekmek üçin saýlanyp alnandygyny aýtdy.

BMG-niň geçen aý çap edilen soňky açlyk hasabatyna görä, 2010-12-nji ýyllarda dünýä ilatynyň 870 milliona golaýy, ýa-da sekizden birisi doýa garna naharlanyp bilmezlikden ejir çekdi.

Maglumata görä, açlaryň 852 milliony ösýän ýurtlarda ýaşaýan bolsa, 16 milliony ösen ýurtlarda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG