Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Guramaçylykly jenaýat ýylda 870 milliard dollar dolaýar


BMG-niň Neşe maddalaryna we jenaýatçylyga garşy göreş edarasynyň başlygy guramaçylykly jenaýat toparlarynyň her ýylda 870 milliard dollara durýan operasiýa geçirýändigini aýtdy.

Edaranyň ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Fedotow millionlap adamyň guramaçylykly jenaýat toparlarynyň pidasy bolýandygyny aýdýar. Ol bu pidalara jynsy gatnaşyk üçin alnyp gaçylýan aýallaryň we çagalaryň, bikanun neşe söwdasynyň gurbany bolan adamlaryň hem girýändigini aýtdy.

Fedotow duşenbe güni Wenada eden çykyşynda guramaçylykly jenaýat toparlarynyň kanunyň hökmürowanlygynyň ýola goýulmadyk we beýleki guramalaryň gowşak işleýän ýurtlarynda köp hereket etmäge çalyşýandyklaryny hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG