Sepleriň elýeterliligi

N. Hanamow: “Öňki ministrden näme üçin öç alynýar?”


Nurmuhammet Hanamow: "...ýurduň içinde syýasatçy bolup, ýa-da oppozisioner bolup, ýa režime garşy öz sözüni aýdyp bilýän adam bolup entäk arkaýyn ýaşaýan adam şu mahala çenli ýok".

Nurmuhammet Hanamow: "...ýurduň içinde syýasatçy bolup, ýa-da oppozisioner bolup, ýa režime garşy öz sözüni aýdyp bilýän adam bolup entäk arkaýyn ýaşaýan adam şu mahala çenli ýok".

Türkmenistanda 4-nji oktýabrda tussag edilen öňki medeniýet we turizm ministri Geldimyrat Nurmuhammedowyň Tejende ýerleşýän bejeriş-zähmet merkezine iberilendigi habar berlipdi. Ýurt içinden gowşan maglumatlara görä, ol neşe ulanmakda aýyplanyp, türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilipdir.

Emma käbir çeşmeler bu aýyplamalaryň galpdygyny aýdýarlar we Nurmuhammedowdan syýasy hereketleri, ýagny jemgyýetçilik guramasyny döretmek barada alyp barýan tagallasy üçin “öç alynýandygyny” aýdýarlar. Şeýle pikirdäkileriň arasynda daşary ýurtlarda hereket edýän Türkmenistanyň Respublikan partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow hem bar.

Golaýda, ýagny 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Respublikan partiýasy Geldimyrat Geldimyrat Nurmuhammedow, Türkmenistanyň sport we turizm boýunça öňki ministri

Geldimyrat Nurmuhammedow, Türkmenistanyň sport we turizm boýunça öňki ministri

Nurmuhammedowyň neşekeşlik bilen baglylykda Türkmenistanda saklanmagyna reaksiýa bildirip, onuň boşadylmagy baradaky talaby goldamaga halkara jemgyýetçiligine çagyryş edýän beýanat ýayratdy. Türkmenistanyň Respublikan partiýasynyň bu beýanatynda Geldimyrat Nurmuhammedowyň narkologiýa dispanserinde mejbury ýerleşdirilmegine adam hukuklarynyň gödek bozulmagy diýlip baha berilýär.

Azatlyk Radiosy bu beýanatyň awtory Nurmuhammet Hanamow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Nurmuhammet! Siz öz ýaýradan beýanatyňyzda Geldimyrat Nurmuhammedowyň häkimiýetler tarapyndan saklanmagyna “başgaça pikir üçin öç alyş hem-de graždan jemgyýetini has hem gorkuzmaga synanyşyk” diýip baha berýäňiz? Şu pikiriňiz nämä esaslanýar? Aýdyňlaşdyraýsaňyz.

Nurmuhammet Hanamow: Hakykatdanam men beýanatda şeýle diýip aýtdym, şondada durýan. Näme üçin diýseňiz, syýasat bilen bagly adamlary, režime garşy çykýan adamlary ýa dälihanalardan çykarýarlar, ýa şular ýaly neşekeş diýip tapýarlar, ýa iň bolmanda başga bir zatlary bahanalap, türmeden çykarýarlar. Şonuň üçin entäk ýurduň içinde syýasatçy bolup, ýa-da oppozisioner bolup, ýa režime garşy öz sözüni aýdyp bilýän adam bolup entäk arkaýyn ýaşaýan adam şu mahala çenli ýok. Şoň üçin men şo pikirde. Şoňa ýörite gurnalypdyr diýip gaýtalap bilýän. Geldimyrat Nurmuhammedow hakykatdan hem geçen ýyl dekabr aýynda Azatlyk Radiosynda öz pikirini aýdanda, režim barada, saýlaw barada, oppozisiýa barada, şular ýaly pikirlerini aýdanyndan soň onuň hakykatdanam ýurtda rahat ýaşamaga, Türkmenistanyň režimi boýunça, haky ýok.

Azatlyk Radiosy: Näme sebäpden Nurmuhammedow şol döwürde saklanman, häzir saklandy? Munuň sebäbibini nämede görýäňiz?

Nurmuhammet Hanamow: Edil şol döwürde oňa garşy hiç bir hereket edilmänliginiň bir sebäbi bar. Ol prezident saýlawunyň öň ýanynda, hakykatdanam oň arkasynda halkara jemgyýeti aýaga galar, goh bolar diýip, şol zatlardan gorkup eden däldirler diýen pikirde men. Ýöne ondan wagt geçenden soň ony şular ýaly bir zat bilen günäkärläp, hökman bir çäre görmelidigi belli zat. Iru-giç görüljegem belli. Ahyry ynha şeýdip, birnäçe aýdan soňra, hakykatdan režimiň o zatlardan soň rahat oturmajagy göründi. Şoň üçin, meň pikirim boýunça Nurmuhammedowy günäkärleýänleriniň sebäbiniň arkasynda diňe şoň alyp barýan syýasaty ýatyr.

Azatlyk Radiosy: Nurmuhammet! Indi, şo ýaýradan beýanatyňyzda Geldimyrat Nurmuhammedowyň haýdan-haý boşadylmagyna ýardam bermegi üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna ýüzlenjekdigiňizi belläpsiňiz. Häzir şu mesele boýunça nähili iş alyp barýaňyz?

Nurmuhammet Hanamow: Hakykatdan hem OBSE-de (ÝHHG) ýörite Orta Aziýa bilen işleşýän işgärleri bar. Şoňa men berdim, adyny men entek özünden soraman aýdyp biljek däl. Men beýannamamyzyň bir ekzemplýaryny şoňa berdim. Oda “bolýar, men bu meseläni genseke (baş sekretara) çenli ýetirerin, hem serederis” diýip, “soň netijesini aýdarys” diýip, maňa söz berdi. Ýöne entek dogrudan hem wagt az, bu gysga döwrüň içinde entäk men olardan näme edilendigi barada habarym ýok, ýöne iru-giç olar hökman habar ederler. Näme üçin diýseňiz, men bu gurama bilen, bu işgär bilen birinji gezek iş salyşamok. Olar sözünde durýar.

Azatlyk Radiosy: Nurmuhammet! Häzir ýurt içinde-de, ýurt daşynda-da Geldimyrat Nurmuhammedowyň “dogrudan hem neşekeşlik bilen baglanyşygy bar” diýen maglumatlar ýaýraýar. Şeýle maglumatlaryň ýaýramagy siziň Nurmuhammedow barada pikiriňizi üýtgetmeýärmi? Siz şoňa nähili garaýaňyz?

Nurmuhammet Hanamow: Ýok, onuň ýörite ýaýradylýany barada men şübhelenemok. Näme üçin diýseňiz, ynha meniň beýannamam çykdy welin, şondan soň her tüýsli hereketler başlandy. Diýmek, eýýäm OBSE-niň hem habary bar bolsa, ynha halkyň edýän gürrüňi, dogan-garyndaşlarynyň edýän gürrüňi diýdirmelidä ony. Ýa şoň ýakyn adamlary ynha şaýat diýdirmeli. Onuň analizini alyp hakykatdan hem şoň ganynda bar diýdirmeli. Näme üçin diýseňiz, ol bolnisa düşenden soň, bir-iki ukol edenden soň, ol ganynda-da bolar, hemme ýerdede bolar. Ony bolnisaň özünde neşekeş edip bilerler. Ediläýjek zatda. Men şoň üçin bu ýörite ýaýradylýar diýip pikir edýän, şoňada ynanýan.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG