Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama we Romni Owganystandan dil ýaranok


Mitt Romni (çepde) we Barak Obama. 3-nji oktýabr, 2012 ý.
Mitt Romni (çepde) we Barak Obama. 3-nji oktýabr, 2012 ý.

Amerikada prezidentlik ugrunda barýan saýlaw kampaniýasynda işsizlik, salgyt, ykdysadyýet we Eýran ýaly meseleler köp agzalsa-da, bularyň arasynda Amerikanyň 11 ýyl bäri uruş alyp barýan ýurdy Owganystan ýok.

Prezident Barak Obama bilen onuň respublikan bäsdeşi kampaniýada edýän çykyşlarynda Owganystany köp agzanoklar, agzaýanlarynda-da onuň üstünde köp duranoklar. Prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin öz partiýasynyň kandidatlygyny kabul eden wagty Romni 40 minutlyk çykyşynyň dowamynda Owganystany ýekeje gezek-de agzamandy.

Şol sebäpden ol respublikanlaryň öz tarapyndan hem ýiti tankytlandy. Stewe Haýs "Fox News" telewideniýesiniň "The Weekly Standard" atly konserwatiw teležurnalynda şeýle diýdi: "Bu bir ýalňyşlykdy. Bu säwlikden ýa dykgatsyzlykdan boldumy, bularyň haýsynyň erbetdigini bilemok welin, ýöne bu bir ýalňyş iş boldy. Owganystanda şu wagt seniň 70 müňden agdyk esgeriň bar. Sen olar barada gürlemeli. Halk bir partiýanyň ýolbaşçysynyň uruş ýaly möhüm zat barada gürlemegini isleýär".

"Möhüm mesele däl"

Birleşen Ştatlaryň alyp baran uruşlarynyň arasynda hemmeden uzaga çekeni Owganystan urşy. Bu uruşda iki müňden agdyk amerikan ölüp, ýüz müňlerçe amerikan ýaralandy. Edilen çykdajy 574 milliard dollara bardy. Muňa garamazdan, "Gallup Poll" pikir soralyşyk institutynyň baş redaktory Frank Newportyň aýtmagyna görä, amerikanlardan "ýurduň häzir ýüzbe-ýüz bolýan iň möhüm meselesi name" diýip soralanda "Owganystan" diýip jogap berýänleriň sany bir prosente-de baranok.

"Kandidatlar neşir edilýän pikir soralyşyklaryň netijelerini okaýarlar. Olaryň pikir soralyşyk geçirýän öz adamlary-da bar. Şol sebäpden olar esasy meseleleriň nämelerdigini bilýärler. Biz Romni ýa Obamanyň Owganystan barada pikir alşanyny eşidemzok. Munuň sebäbi, birinjiden, geňeşçileriniň olara munuň ileri tutulýan bir möhüm mesele däldigini aýdýan bolmagy mümkin. Ikinjiden hem, bu bir özara tapawutlanyljak mesele däl" diýip, Newport aýdýar.

Iki ýyl mundan ozal Obama bilen NATO-nyň beýleki ýolbaşçylary Owganystanda uruş operasiýalary soňlanmaly sene diýip, 2014-nji ýylyň dekabr aýyny bellediler. Bu karar uruşdan halys iren amerikanlaryň aňyna ornady.

Owganystandan çekilmek baradaky sene Obama bilen Romniniň arasyndaky tapawut hökmünde kampaniýada ençeme gezek gaýtalandy. Romni prezidenti harby plany duşmana bildirdi diýip tankytlady. Ýöne ýaňy golaýada ol Obamanyň maksat – jogapkärçiligi 2014-nji ýylyň aýagyna çenli Owganystanyň öz hopwsuzlyk güýçlerine geçirmeli diýýäni bilen özüniň ylalaşýandygyny aýtdy.

"Başga-da problemalar bar"

Newportyň pikiriçe, kampaniýada Owganystanyň agzalmaýandygynyň uly sebäpleriniň biri kandidatlaryň arasynda bu barada ylalaşmazlygyň ýokdugydyr.

Saýlaw kampaniýasynda gürrüňi edilmeýän diňe Owganystan däl. Yrak we owgan uruşlarynyň döreden 2.4 million weterany barada hem syýasy çekişme gidenok. Ozal Yrakda gulluk eden harby ýolbaşçy, indi hem yrak we owgan weteranlary baradaky syýasata ýolbaşçylyk edýän Tom Tarantino bu barada çözülmän ýatan köp problemalaryň bardygyny aýdýar.

Ol: "Biz hemmeleri ertiriň özünde öýlerine ýollap bilýäris. Hawa, bu işi edip bilýäris. Hemmeler ertir öýlerine gelseler, magaryf, iş, saglygy goraýyş ýaly çynlakaý problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Uruş ertir tamamlansa-da, ýene iki ýyldan tamamlansa-da, ýene on ýyldan tamamlansa-da bu problemalar aýrylyp gitmez. Dogrymy aýtsam, bu ugurda bitiren işlerimiz köp däl".
XS
SM
MD
LG