Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň kinematografiýasynyň hili we möçberi


Özbegistanly režisser Aýub Şahobiddinowyň "Perizat" filmi Orsýetiň "Kinoşok" film festiwalynda grandpri baýragyna mynasyp boldy

Özbegistanly režisser Aýub Şahobiddinowyň "Perizat" filmi Orsýetiň "Kinoşok" film festiwalynda grandpri baýragyna mynasyp boldy

Soňky onýyllykda digital tehnologiýalaryň ösüşi Özbegistanyň kino industriýasynyň dikelmegine itergi berdi. Emma üstünlikler barada aýtmak ir, filmleriň sanyna garanda olaryň hili köp sorag döredýär.

Ýaňy durmuş guran Diana bilen Sardoryň maşgala durmuşynyň ilkinji günlerinde modern gelin we köne däp-dessurlara eýerýän gaýyn ene arasynda dartgynlylyk emele gelýär.

“Sen muny nädip etmelidigini nireden bilýärsiň”, diýip gýyn ene, gelniň çörek bişirişini görüp, soraýar. Gelin “Internetden”, diýip jogap berýär.

Bu dialog “Super kelinçak” ýagny “Super gelin” atly filmi 2008-nji ýylyň sensasiýasyna öwrüpdi. Gelniň “Internetden” diýip, beren jogaby ýylyň dowamynda halk içinde iň ýörgünli sözleriň biri bolupdy.

http://www.youtube.com/watch?v=bAzT9ZT0Ix0

“Super kelinçak” filmi Özbegistanyň kino industriýasynyň dikelmeginiň üstünlikli mysallarynyň biri atlandyryp bolar. Döwrüň arzan bahaly digital tehnologiýalary soňky on ýylyň dowamynda ýüzlerçe filmiň döredilmegine mümkinçilik berdi.

San we hil

Emma 1960-njy ýyllarda meşhurlyk gazanan tanymal özbek aktrisasy Gülçehra Jamilowa häzirki ýagdaýa begenmeýär.

“Erbet gawun çigitden doly bolar”, diýip Jamilowa milli kino industriýanyň ýagdaýyny özbek nakyly bilen häsiýetlendirýär.

Şu günki gün gysga wagtda döredilýän filmler Özbegistanyň kinematografiýasynyň ozalky kino standartlaryndan gaty daşda galýar. 1960-njy ýyllarda sowet senzurasy gowşansoň özbek kinematografiýasynyň “täze tolkuny” üçin ýol açylypdy.

“Bilmedim näme üçin, emma manysyz filmleriň sany köpelýär. Ýakynda alynan filmler professional däl. Men olary görmekden gaça durasym gelýär”, diýip Jamilowa aýdýar.

Ýerli filmleriň ählisi awtoritar ýurduň “Uzbekkino” döwlet agentligi tarapyndan makullanmaly. Bu ýagdaý ýurduň köp režisserlaryny film üçin tema saýlamak işine seresaply çemeleşip, ýeňil mazmunly filmleri döretmäge mejbur edýär.

Bu ýagdaý, Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňky onýyllykda diňe 25 täze filmi döreden ýurduň kino industriýasynyň dargaman galmagyna ýardam beripdi.

Film sungatynyň aýratynlyklary

“Uzbekkino” döwlet agentligine görä, häzirki wagtda ýurtda film alýan 700-e golaý studiýa bar, olar ýylda 50-ä golaý film döredýärler.

28 million ilatly Özbegistan Merkezi Aziýanyň iň uly film bazaryny emele getirýär. Esasan özbek filmlerini görkezýän kinoteatrlar we telekanallar bu filmleri hyrydarlar bilen üpjün edýärler.

Özbegistanyň ýaş režisserlary tarapyndan ulanylýan digital tehnologiýalar, olara birnäçe hepdäniň içinde 30-60 müň dollar pul bilen täze film döretmäge mümkinçilik berýär.

Bu ýagdaý filmleriň hiline degişli diskussiýalaryň döremegine sebäp bolýar.

Ikinji Jahan uruşy barada “Şiwa” atly film döreden özbegistanly meşhur režisser Bahodr Ýuldaşow täze kinostudiýalaryň köp bolmagyny makullaýar, emma olaryň häzirki işiniň üstünlikli boljagyna özüniň ynanmaýandygyny aýdýar.

Merkezi Aziýaly kinokritik, halkara Ýewraziýa kinofestiwalynyň çeper ýolbaşçysy Gülnara Abikeýewa özbek kinosynyň Bolliwood hindi kinosynyň ýoly bilen barýandygyny aýdýar. Emma ol filmleriň sanynyň köp bolmagy bilen olaryň hiliniň-de sanyň yzyndan ýetjegine umyt baglaýar.

Tradision filmleriň tarapdarlary bolsa öňki film mekdebiniň tiz wagtda ýitip gitmeginden howatyrlanýarlar.

Üstünlikler

Ýaňy-ýakynda, sentýabr aýynda özbek režisseri Aýub Şahobiddinowyň “Perizat” atly ýokary hilli filmi, GDA we Baltiýa döwletleriniň “Kinoşok” atly film festiwalynda grandpri baýragyna eýe boldy.

http://www.kinoshock.ru/rus/index.shtml

"Perizat" atly film jadygöýlik ukybyna eýe bolan owadan ýaş zenanyň özbek obasyna baryp, ýaşaýjylaryň durmuşyny düýpli özgertmegi başarandygy barada.
XS
SM
MD
LG