Sepleriň elýeterliligi

Bugaýew: "Biziňkiler we biziňki däller"


Turkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sergeý Naryşkin, Swetlana Medwedewa, Sergeý Lebedew dagy bilen GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumyna gatnaşýar. Aşgabat, 15-nji oktýabr, 2012 ý.

Turkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sergeý Naryşkin, Swetlana Medwedewa, Sergeý Lebedew dagy bilen GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumyna gatnaşýar. Aşgabat, 15-nji oktýabr, 2012 ý.

Duşenbe güni Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy öz işine başlady.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma gatnaşyjylara ýüzlenip eden çykyşynda medeniýetiň jemgyýetçilik ösüşiniň özeni bolup durýandygyny aýtdy.

Bu forumyň işine Orsýet Federasiýasynyň Döwlet dumasynyň Federal geňeşiniň başlygy Sergeý Naryşkin, GDA-nyň ýerniýe ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, GDA gatnaşyjy döwletleriň Döwletara gumanitar hyzmatdaşlyk fondunyň (DGHF) prawleniýesiniň başlygy Polat Bilbil ogly, DGHF-nyň ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýan, Orsýet Federasiýasynyň prezidentiniň döwletara medeni hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça ýörite wekili, DGHF-nyň egindeş başlygy Mihail Şwydkoý we beýlekiler gatnaşýarlar.

Şeýle-de şol gün prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Orsýet Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin telefonda ikitaraplaýyn we köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleri barada maslahat etdi.

Türkmen metbugaty prezidentleriň iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň GDA başlyklygyny nazarda tutmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraply hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky meýillerini mälim edendiklerini ýazýar.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanyň we Orsýetiň arasyndaky medeni alyş-çalyşlary mundan beýläk-de giňeltmek barada gürrüň edilipdir.

Eýsem Türkmenistan öňki sowet respublikalary bilen medeni alyş-çalyşlary ýygjamlatmaga taýýarmy? Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu sorag bilen Aşgabatda ýaşaýan ýerli synçy Amanmyrat Bugeýewe ýüzlendi.

Bu söhbetdeşligi diňlemek üçin şu ýere basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG