Sepleriň elýeterliligi

Obama bilen Romni ikinji çekeleşikde jedelleşdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen onuň Respublikan bäsdeşi Mitt Romni ýurduň ykdysady ösüşi we Amerikanyň Ýakyn Gündogar syýasaty boýunça çekeleşige girdi.

Olaryň arasyndaky bu ikinji çekeleşik 6-njy noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna üç hepde galanda geçirildi.

Obama bilen Romni Nýu-Ýorkda geçirilen çekeleşikde ençeme ugurlar boýunça jedelleşip, biri-birleriniň Ak Tama mynasyp däldigini subut etmäge çalyşdylar.

Obama geçen aý Bengazide bolan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, emma ol Romnini bu wakany syýasy bähbit üçin ulanmakda aýyplady. Şol hüjümde dört amerikaly, şol sanda ABŞ-nyň Liwiýadaky ilçisi heläp bolupdy.

Romni Obamanyň ykdysady syýasatyny tankyt etdi. Obama bolsa Romnini halkyň baý gatlagynyň we nebit senagatynyň haýryna çapmakda günäledi.

Çekeleşikden öň geçirilen pikir soralyşyklar iki dalaşgäriň tarapdarlarynyň sanynynyň deňeçerräkdigini görkezdi. 3-nji oktýabrda geçirilen ilkinji çekeleşikde Romni has ökde çykyş edip, öz tarapdarlarynyň sanyny artdyrypdy.

16-nji oktýabrda geçirilen çekeleşigiň başynda Obama Romnä garşy hüjüme geçdi. Çekeleşigiň dowamynda kandidatlar zalda oturan adamlaryň soraglaryna jogap berdiler.

Çekeleşigiň ilkinji 10 minudynda Obama başarjaň inwestor hökmünde mal-mülk edinen Romnini baý adamlaryň we nebit senagatynyň bähbidini aramakda aýyplady.

"Gubernator Romni bäş maddadan ybarat plan diýýärmi? Gubernator Romnide bäş maddadan ybarat plan ýok. Onuň bir maddalyk plany bar. Ol plan bolsa jemgyýetiň ýokarky gatlagyndaky adamlaryň aýratyn düzgünlere görä oýnamagydyr" diýip, Obama aýtdy. "Bu onuň hususy sektordaky pelsepesidir; bu onuň gubernator hökmünde ýöreden pelsepesidir; bu onuň prezidentlige kandidat hökmünde alyp barýan pelsepesidir".

Massaçusets ştatynyň öňki gubernatory Romni ondan birnäçe minut öň Obamany Amerikanyň ykdysady görkezijileri boýunça tankyt edip, häzir iş orunlary bilen üpjün edilen adamlaryň sanynyň Obamanyň prezidentlige gelen döwründäkiden has azdygyny aýtdy.

"Soňky dört ýylyň dowamynda prezidentiň syýasaty durmuşa geçirildi we ol syýasat Amerikanlara iş orunlaryny gaýtaryp bermedi" diýip, Romni aýtdy. "Häzir iş orunlary bilen üpjün edilen adamlaryň sany Obamanyň prezidentlige gelen döwründäkiden has az".

Soňra Romni Bengazide bolan ganly hüjümi Obamanyň daşary syýasatynyň, hususanda Ýakyn Gündogar boýunça syýasatynyň gowşaklygynyň alamaty hökmünde görkezmäge synanyşdy.

"Munuň demonstrasiýa däldigi görnüp durdy. Bu terroristler tarapyndan edilen hüjümdi" diýip, Romni aýtdy. "Bu bolsa prezidentiň Ýakyn Gündogar syýasatyny tutuşlygyna sorag astynda goýýar. Siriýada, Müsürde, indi bolsa Liwiýada bolýan zatlara serediň. Özümiz bilen Ysraýylyň arasyndaky aralyga serediň. Prezident biziň bilen Ysraýylyň arasynda ýagtylygyň boljagyny aýdypdy. Eýranyň atom bombasyny eýelemegine dört ýyl galdy".

Obama Romnini amerikan diplomatlarynyň ölümini syýasy bähbit üçin ulanmakda aýyplady. Emma ol diplomatik howpsuzlyk boýunça "ahyrynda özüniň jogapkärdigini" aýtdy.

"Nämäniň bolandygyny anyklarys diýemde – ähli kişi jogapkärçilige çekiler we ol ýerde bolup geçýän zatlara ahyrynda özüm jogap berýärin, sebäbi olar meniň adamlarym. Tabytlar öýe getirilende olary men garşylamaly, diýýän zadymyň yzynda durýandygymy bilýärsiňiz".

22-nji oktýabrda geçiriljek soňky we ahyrky çekeleşikde daşary syýasat üns merkezinde bolar.
XS
SM
MD
LG