Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada Amerikanyň iki harby gullukçysy tussag edildi


Sişenbe güni Ýaponiýanyň Okinawa adasynda ýerli polisiýa ýapon aýal maşgalasyny zorlamakda güman edip, ABŞ-nyň iki harby gullukçysyny tussag etdi.

Polisiýanyň resmisiniň beren maglumatyna görä, tussag edilenleriň biri etmişini boýun alypdyr, beýlekisi hem özüniň günäsiniň ýokdugyny öňe sürüpdir.

“Kýoto” habar gullugynyň informasiýasyna laýyklykda, ABŞ-nyň Ýaponiýadaky ilçisi Jon Rus Waşingtonyň bu waka çynlakaý garaýandygyny, şeýle-de derňew işlerinde hemaýat bermäge taýýardygyny aýdypdyr.

Okinawada ABŞ-nyň Ýaponiýadaky esasy harby bazalary ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG