Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde oppozisiýa liderlerine garşy jenaýat işi gozgaldy


Orsýetde oppozisiýadaky Çepçi Front hereketiniň lideri Sergeý Udaltsowa we ýene-de ençeme beýleki oppozisiýa ýolbaşçylaryna garşy jenaýat işi gozgaldy. Bu barada çarşenbe güni Orsýetiň Jenaýat-derňew komitetiniň metbugat wekili Wladimir Markin mälim etdi.

Markin munuň “Protestiň anatomiýasy-2” atly film bilen baglanşyklydygyny aýtdy. Şeýle-de ol bildirilen aýyplamalaryň köpçülikleýin ýörişleri gurnamakdan ybaratdygyny sözüne goşdy.

Jenaýat açylan beýleki oppozisiýa liderleriniň arasynda Leonid Razwozžaýew we Konstantin Lebedew dagy hem bar. Markin olaryň öýlerinde gözleg işleriniň geçirilýändigini hem belläp geçdi.

Käbir gowuşýan maglumatlara görä, Udaltsowyň ene-atasynyň öýünde hem gözleg geçirilipdir.

Geçen hepde Orsýetiň NTW telekanalynyň görkezen filminde Udaltsowyň Moskwadaky ýörişleri gurnamak üçin Gürjüstanyň resmileri bilen duşuşandygy bellenilýär. Udaltsow bu aýyplamalary inkär edýär.
XS
SM
MD
LG