Sepleriň elýeterliligi

Dnepropetrowskda uly ýewreý medeniýet merkezi açyldy


Ukrainanyň gündogaryndaky Dnepropetrowsk şäherinde uly ýewreý medeniýet merkezi we ýewreýleriň gyrgynçylygyna bagyşlanan muzeý açyldy.

Sişenbe güni açylan muzeýiň tutýan meýdany 3 müň m2-a golaýdyr. Ol umumy meýdany 50 müň m2 bolan toplumyň çäklerinde ýerleşýär.

Toplumyň düzüminde Ukrainadaky ýewreýleriň medeniýeti boýunça institut, Dnipropetrowskdaky sinagogalaryň suratlaryndan ybarat galereýa hem bar. Şeýle-de toplumda myhmanhana, restoran we söwda merkezleri bina edildi.

1941-nji ýylda nasistler tarapyndan Dnepropetrowskda azyndan 12 müň ýewreý gyrlypdy. Toplumyň açylyş dabarasyna Ukrainadan, Orsýetden we beýleki post-sowet respublikalaryndan, şeýle-de Ysraýyldan ýewreý liderleri gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG