Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Daşary ýurtly yslamçy söweşijiler Siriýadaky konflikti “radikallaşdyryp” biler


Birleşen Milletler Guramasynyň komissiýasynyň wekilleriniň nygtamagyna görä, Siriýadaky gozgalaňa daşary ýurtly yslamçy söweşijileriň gatnaşmagy, 19 aý bäri dowam edip gelýän konflikti “radikallaşdyryp” biler.

Siriýadaky adam hukuklarynyň bozulmagy boýunça BMG-niň derňew toparynyň başlygy Paulo Sergio Pinheýronyň bellemegine görä, Siriýa daşardan gelen ýüzlerçe söweşijileriň “demokratik bir döwleti gurmagyň” deregine, “özleriniň” radikal garaýyşlaryny ýaýratmak howpy bar.

Komissiýanyň agzalarynyň bellemegine görä, Siriýa söweşmäge “11 töweregi döwletiň”, şol sanda Siriýanyň goňşy döwletleriniň raýatlary hem gelipdir.
XS
SM
MD
LG