Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda janyndan geçeniň hüjüminde ençeme esger ýaralandy


Çarşenbe güni Owganystanyň gündogarynda owgan-NATO harby bazasynyň golaýynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde 45 owgan esgeri we sekiz parahat ilatyň wekili ýaralanypdyr. Bu barada Azatlyk Radiosyna ýerli owgan resmisi habar berdi.

Emma, mundan ozal Goranmak ministrligiň resmileri hüjümde 11 owgan esgeriniň ýaralanandygy barada maglumat beripdi.

Paktiýa welaýatynyň metbugat wekili Rohullah Samoonyň aýtmagyna görä, hüjümçi içi partlaýjy serişdeli ulagy Zurmat welaýatynda ýarypdyr.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili (Zabihullah Mujahed) bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy.
XS
SM
MD
LG