Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda bäş adam terorrizimde şübhelenip tussag edildi


Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri terroristik hüjümleri gurnamagyndan şübhelenip bäş adamy tussag etdi.

Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň beren maglumatyna görä, geçirilen ýörite operasiýadan soň, şol bäş adam tussaglyga alnypdyr. Operasiýanyň geçirilen ýerinden ýaraglar, şol sanda el granatlary we partlaýjy serişdeleri ýasamak üçin enjamlar hem ele salnypdyr.

Resmileriň bellemegine laýyklykda, şol ýerden köp mukdarda “gadagan edilen” edebiýat hem tapylypdyr. Bu aňlatma bilen köplenç gadagan edilen yslamçy toparlaryň ýaýradýan maglumatlary häsiýetlendirilýär.

Tussag edilenleriň bäşisiniň hem Gyrgyzystanyň raýatydygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG