Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkda banky partlatmaga synanyşan adam tussag edildi


Bangladeşiň bir raýaty köpçülikleýin ýok ediji ýarag ulanmaga synanyşykda aýyplanyp, Nýu-Ýorkuň suduna çekildi.

Mundan biraz öň, Kazy Nafis Nýu-Ýorkda Federal gazna binasynyň ýanynda duran ulagda ýerleşdirilen ýasama partlaýjy maddalary ýarjak bolup durka polisiýa tarapyndan tussag edilipdi.

Nýu-Ýorkuň polisiýa komissary Reý Kelli 21 ýaşly Nafisiň terror hüjümini amala aşyrmagy ýüregine düwendigini aýtdy.

"Ol bu ýere terror hüjümini amala aşyrmak üçin geldi. Ol şu ýylyň ýanwar aýynda geldi, ol özüniň student wizasyny Missuride ýerleşýän kolledžiň studenti hökmünde alýar we şu ýerde, Birleşen Ştatlarda Jihadyň bir görnüşini amala aşyrmak niýeti bilen gelýär" diýip, Reý aýtdy.

Kelli bankyň binasynyň Nafis tarapyndan nyşana alnan ilkinji bina däldigini hem belledi.

"Ol Nýu-Ýorkuň alyş-çalyş biržasyna barýar, ol ýerde howpsuzlygyň güýçlidigini görýär we özüniň nyşanyny Federal gazna bankyna gönükdirýär" diýip, Kelli düşündirdi.

Resmiler hüjüm planynyň hiç hili aktual howp döretmändigini aýdýarlar.

Nafisi ýasama partlaýjy maddalar bilen Federal derňew býurosy (FBI) üpjün edipdir. Nafis ýanwar aýynda student wizasy bilen Birleşen Ştatlara gelenden soň, ol gözegçilige alnypdyr.

Sülçüler Nafisiň topar düzmäge synanyşandygyny aýdýarlar, topara çagyrylanlaryň biri Federal derňew býurosynyň agenti bolup çykypdyr.

Sülçüleriň aýtmagyna görä, Nafisiň daşary ýurtlardaky "Al-Kaýda" bilen ilteşigi bar. Ol Birleşen Ştatlarda terror toparyny döretmäge synanyşypdyr.

Nafis özüniň ýazga geçiren wideo beýanatynda: "Biz ýeňiş gazanýançak ýa şehit bolýançak durmarys" diýýär.

Brýuklinde ýerleşýän federal sud onuň zamunsyz tussaglykda saklanmagyna görkezme berdi. Nafis günäsini boýun almady.

Onuň aklawçysy suduň daşynda hiç hili beýanat bermedi.
XS
SM
MD
LG