Sepleriň elýeterliligi

“Amnesty International” owgan aýalyň jezalandyrylmagyny berk ýazgardy


Owganystanyň Hyrat welaýatynda tenini satmakdan boýun gaçyran ýaş zenan kellesi kesilip öldürildi. Ony tenini satmaga adamsynyň garyndaşlarynyň mejbur etmäge synanyşandyklary habar berildi.

“Amnesty International” guramasy bu zenanyň pajygaly ykbalynyň Owganystanda we tutuş regionda aýal-gyzlaryň zorluklara sezewar edilmeginiň diňe bir mysalydygyny” belledi. “Amnesty International” guramasynyň ABŞ-daky ýerine ýetiriji müdiri Suzanne Nossel owgan hökümetini aýallara garşy zorluklaryň öňüni almak boýunça 2009-njy ýylyň kanunyny berjaý etmäge ündedi. Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar bu kanunyň doly ýerine ýetirilmeýändigini aýdýarlar.

Nossel, owgan hökümeti ýurduň howpsuzlygyny berjaý etmek işini öz üstüne alansoň, halkara jemgyýetçiliginiň aýallaryň hukuklaryna hormat goýuljagyny güwä geçmek üçin “öz wezipesini ýerine ýetirmelidigini” belledi.

Halkara goşunlarynyň Owganystandan 2014-nji ýylda çykarylmagy planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG