Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetli aktiwist Sergeý Udalsow tussaglykdan boşadyldy


Köpçülikleýin bidüzgünçilikleri döretmekde günälenip tussag edilen orsýetli oppozisiýa lideri Sergeý Udalsow Moskwanyň polisiýasy tarapyndan goýberildi. Udalsow ähli aýyplamalary ret etdi we öz tarapdarlaryny Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine garşy protestleri güýçlendirmäge çagyrdy.

Udalsowa garşy gozgalan jenaýat işi NTW telekanalynyň dokumental filminde öňe sürülen çaklamalara, ýagny Udalsowyň Orsýeti durnuksyzlandyrmak üçin Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň ýaranyndan pul we gözkezme alandygy baradaky çaklamalara esaslanýar.

Sülçüler çepçi Udalsowyň Orsýetde “terrorçylykly aktlary” taýýarlamagy baradaky çaklamalara seredendiklerini beýan etdiler. 17-nji oktýabrda kanuny goraýjylar Udalsowyň Moskwadaky öýüni dökdüler. Udalsowyň özi ýüzi nikaply adamlar tarapyndan sorag edişlige äkidilipdi.

Udalsow Moskwany terk etmezlik şerti bilen tussaglykdan goýberildi.
XS
SM
MD
LG