Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan terrorçylykda şübhelenýän ýene bir adamy tussag etdi


Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti goňşy Özbegistan tarapyndan gözlenýän terrorçylykda şübhelenýän adamy ele salandygyny penşenbe güni yglan etdi. Komitet bu adamyň Özbegistanyň gündogar bölegindäki Fergana şäheriniň ýaşaýjysy, 1957-nji ýylda doglan Habibullo Suleýmenowdygyny aýtdy.

Milli howpsuzlyk komiteti Suleýmenowyň pan-regional islamçy söweşjeň topary Türkestanyň Yslam hereketiniň agzasy bolmakda şübhelenýändigini aýtdy. Suleýmenowyň oktýabr aýynda howpsuzlyk operasiýasynyň dowamynda tussag edilendigi habar berildi.

Penşenbe günki bu beýannamanyň öňüsyrasynda Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti terrorçylykda şübhelenen bäş adamy we uly mukdarda ýaragy ele salandygyny yglan etdi. Tussag edilenleriň bäşisiniň-de gyrgyz raýatydygy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG