Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet: Dildüwşükde aýyplanan Udalsow tussaglykdan boşadyldy


Opposisiýa lideri Sergeý Udalsow (ortada) Orsýetiň Derňew komitetinden çykyp barýar, Moskwa, 17-nji oktýabr, 2012.

Opposisiýa lideri Sergeý Udalsow (ortada) Orsýetiň Derňew komitetinden çykyp barýar, Moskwa, 17-nji oktýabr, 2012.

Moskwanyň polisiýasy Orsýetiň oppozisiýa toparynyň lideri Sergeý Udalsowy tussaglykdan boşatdy. Udaltsow köpçülikleýin gozgalaňy amala aşyrmak boýunça dildüwşükde aýyplanyp, çarşenbe güni günortan tussag edilipdi.

Sergeý Udalsow boşadylandan soň žurnalistlere beren interwýusynda özüne garşy günä ýüklenmeginiň syýasy matlapda ýörite gurnalandygyny aýtdy.

Udalsow: “Birinjiden, şu günki bolan waka biziň soňky aýlaryň dowamynda alyp baran aktiw hereketimiz üçin ar almadyr, sebäbi biz hakykaty aýdýarys, sebäbi biz ogrulary we kezzaplary tankytlamakdan çekinmeýäris, şol sebäpden hem bu hakyky ar almadyr”.

Udalsowa garşy gozgalan jenaýat işi NTW telekanalynyň dokumental filminde öňe sürlen çaklamalara, ýagny Udalsowyň Orsýeti durnuksyzlandyrmak üçin Moskwa garşy durýan Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň ýaranyndan pul we gözkezme alandygy barada aýdylýan maglumatlara esaslanýar.

Udalsow özüne bildirilen ähli aýyplamalary ret etdi.

“Men bu aýyplamalary düýbünden ret edýärin. Ozal hem aýdyşym ýaly, olaryň hakykat bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Bu näsagyň hyýaly pikirleridir. Men ýene-de bir gezek nygtaýaryn, meniň günbatar gulluklary, Gürjüstanyň razwedkasy bilen hiç hili baglanyşygym ýok. Men olardan hiç hili görkezme ýa-da pul almadym we alybam bilmeýärin” diýip, Udalsow aýtdy.

“Biz oppozisiýada bolsak hem parahat usullary ulanýarys. Biz ýowuzlygy we gandöküşligi goldamaýarys” diýip, Udalsow nygtady.
Udalsow öz tarapdarlaryny Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine garşy protestleri güýçlendirmäge çagyrdy.

“Meniň pikirimçe, biz, ähli raýatlar bolup häzir hereketimizi güýçlendirmesek biziň hemmämiz akyla sygmaýan esassyz aýyplamalar bilen türmä salynarys”.

Sülçüleriň beýanatynda çepçi Udalsowyň Orsýetde “terrorçylyk hereketlerini” taýýarlaýandygy baradaky çaklamalar boýunça derňew geçirilýändigi aýdylýar.

Mundan öň kanuny goraýjy güýçleriň resmileri Udalsowyň Moskwadaky öýüni dökdüler, soňra ýüzleri örtgüli birnäçe ofiser Udalsowy soraga alyp gitdi.

Udalsow Moskwany terk etmezlik şerti bilen tussaglykdan boşadyldy.
XS
SM
MD
LG