Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Haj zyýaratynyň Türkmenistandaky aýratynlygy


Saud Arabystanynyň Mekke şäherindäki baş metjidiň howlusynda ýerleşýän mukaddes Käbäniň görnüşi.

Saud Arabystanynyň Mekke şäherindäki baş metjidiň howlusynda ýerleşýän mukaddes Käbäniň görnüşi.

17-nji oktýabrda türkmenistanly zyýaratçylaryň 188-si hökümetiň ýardamy bilen Saud Arabystanyna haj zyýaratyna ugrady. Şeýle çäre soňky ýyllar Türkmenistanda her ýyl gurnalýar.

Eýsem, hökümet tarapyndan düzülýän bu toparyň düzümine girmeklik aňsatmy we munuň üçin dindarlar nähili proseslerden geçýärler? Şu meseleler barada Azatlyk Radiosy aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň resmi maglumatyna görä, türkmenistanly 188 sany zyýaratçy hökümet tarapyndan hödürlenýän uçar bilen Saud Arabystanyna haj zyýaratyna ugradylypdyr. Ýöne nämüçindir her ýyl ugradylýan zyýaratçylaryň sany 200-den geçenok. Hökümet tarapyndan ugradylýan zyýaratçylaryň toparyna girmek kynmy? Munuň üçin nähilidir bir nobat barmy?

A.Baýry: Elbetde, bu mesele döwlet tarapyndan gözegçilik astyna alynýar, döwletiň hemaýatam bar, gözegçiligem bar. Meniň pikirimçe, şol “Boing” uçarlaryna sygýan ýolagçy sanyna görä zyýaratçylaryň sany kesgitlenilýär. Munuň üçin bolsa, öňünden nobatlar düzülýär, ýagny welaýat, şäher häkimlikleriniň din işleri boýunça bölüminde nobata durulýar.

Mysal üçin, men özümi alyp görsem, onda menem şu ýylky zyýaratçylaryň biri bolmalydym. Sebäbi, men 2002-nji ýylyň fewral aýynda aýalym bilen Mekgä gitmek üçin arza berdik. Ine, şonuň netijesinde-de, meniň nobatym gelip ýetipdir. Munuň üçin adam ähli taraplaýyn gözegçilikden geçirilýär.

Azatlyk Radiosy: Zyýarat üçin adamlar saýlanyp alnanda, olaryň dünýägaraýşyna, syýasy pozisiýalaryna we beýleki taraplaryna-da üns berilýärmi? Şolar babatda “gara sanaw” düzgüni diýlen ýaly zatlaram ulanylýarmy?

A.Baýry: Ýok, munuň üçin olaryň belli bir talaplary bar. Zyýarata gitmek üçin adam sud edilen bolmaly däl, onuň ogul-gyzlaram arassa bolmaly, olar neşä ulaşmadyk bolmaly – şular ýaly talaplar edilýär.

Onsoňam, esasan, adamyň saglyk ýagdaýyna seredilýär. Ine, meniň şu ýyl haj zyýaratyna gidip bilmändigimiň sebäbem meniň süýji keselimiň derejesiniň ýokary bolmagy bilen baglanyşykly. Şoňa görä-de, men deslapky saglyk gözegçiliginden geçip bilmedim. Men öz saparymyň geljek ýyla geçirilmegini haýyş etdim.

Mundan başga-da, indi adamlaryň dini düşünjesem barlanylýar. Indi täze talaplara görä, metjide gatnaýandygyň ýa gatnmaýandygyň barada metjidiň ymamyndan häsiýetnama-da getirmeli. Umuman, din boýunça-da seniň bilen gürrüňdeş bolunýar. Ozalky ýyllarda beýle zatlara üns berlenokdy. Ozallar namaz okamaýanlaram haj zyýaratyna gidip-geldiler, biziň köp tanyşlarymyzam bar olaryň arasynda. Häzir bolsa, seniň namaz okamagyňam, metjide gatnamagyňam talaplaryň biri bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Hökümetiň düzýän toparyna girip bilmän, özbaşyna öz güýji bilen haj zyýaratyna gitmek isleýän adamlaryň zyýarata gitmeklerine rugsat berilýärmi Türkmenistanda?

A.Baýry: Ozallar, Nyýazowyň döwründe özbaşyna giden adam bolmady. Esasan, şol 188 adamdan daşary birnäçe döredijilik işgäri, ýazyjylar hökümetiň hemaýaty bilen, Eýranyň üstünden haj zyýaratyna baryp geldiler.

Emma soňky ýyllarda ýörite kommersiýa esasynda haj zyýaratyna gidip-gelýänler bar. Ýöne olaryň tölegleri birneme gymmadyrak düşýär. Sebäbi, hökümetiň hemaýaty bilen gideňde, ýoluň mugt bolýar, emma kommersiýa uçary bilen gitseň, onda özüň tölemeli. Soňky iki-üç ýylyň dowamynda adamlar şeýle kommersiýa uçarlary bilen haj zyýaratyna gitdiler. Her ýylam 4-5 uçar Saud Arabystanyna gitdi.

Azatlyk Radiosy: Yslam dininiň düzgünlerine görä, haj zyýaratyna gidýän adam zyýarat bilen baglanyşykly ähli harajatlaryny öz gazanjyndan tölemeli diýlip hasaplanylýar. Türkmenistanda bolsa, dindarlaryň belli bir bölegi hökümetiň ýardamlaryndan peýdalanyp, zyýarata gidýärler. Şu meselä ýerli din ugrundan bilermenler, dindarlar nähili garaýarlar?

A.Baýry: Hökümetiň berýän ýardamy, esasan, ýol kireýiň. Beýleki zatlar seniň öz toplan halal puluň bilen tölenmeli hem-de yzynda maşgalaň eklener ýaly-da pul bolmaly. “Karz-kowala batyp, Mekge-Medinä, haj zyýaratyna gitmäň” diýip, ýerli din ýolbaşçylary, ruhanylar, ymamlar aýdyp gelýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG