Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarstanly ymam ekstremizmde aýyplandy


Orsýetiň Tatarstan Respublikasynyň polisiýasy paýtagt Gazandaky Al-Yhlas metjidiniň ymamynyň ekstremistik hereketleri gurnamakda aýyplanýandygyny yglan etdi. Resmilere görä, ymam Rustem Safin “Hizb-ut Tahrir” guramasynyň ideýalaryny propagandirläpdir. Bu gurama Orsýetde terrorçy topar hökmünde resmi derejede gadagan edilýär.

Gazanyň polisiýasy hepdäniň çarşenbe güni Safiniň metjidiniň içini dökdi we ekstremizm bilen bagly bolmakda şübhelenýän audio, wideo we çap görnüşli materiallary ele saldy. Ele salnan materiallaryň ählisi derňewe ýollandy.

Safiniň işi derňelýänçä, oňa Gazany terk etmezlik barada resmi duýdyryş berildi. 2009-njy ýylda Safin “Hizb-ut Tahrir” bilen gatnaşyk üçin iki ýyl şertli türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Penşenbe güni Gazanyň sudy paýtagtda lisenziýasyz işlän yslam mekezini ýapdy.
XS
SM
MD
LG