Sepleriň elýeterliligi

Ýemende “Al-Kaýda” bilen gatnaşykda şühbelenýän ýedi adam raketa zarbasyndan öldi


Habar agentlikleriň maglumatyna görä, Ýemeniň ady agzalmadyk resmisi Jaar şäheriniň golaýynda penşenbe güni atylan reaktiw raketanyň “amerikanlaryňky” bolandygyny çak etdi. Onuň sözlerine görä, “Al Kaýda” gatnaşygy bolmakda şübhelenýänleriň toparyna garşy atylan raketanyň olaryň ählisini öldüren bolmagy ähtimal.

Birleşen Ştatlar regionda reaktiw raketalary ulanýan ýeketäk ýurt. “Al-Kaýda” toparynyň söweşijileriniň Ýemeniň esasy günorta şäheriniň golaýynda ýerleşip, goşuna we onuň tarapynda çykyş edýän söweşjeň toparlara garşy hereket etmäge synanyşan bolmaklary çak edilýär.

Penşenbe güni atylan bu raketa şu aýyň başyndan bäri ikinji hüjümdir. 4-nji oktýabrda Şabwa regionynda al-kaýdaçylar diýip hasaplanan bäş sany ýaragly adam atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG