Sepleriň elýeterliligi

Türkiýeli meşgur sazanda yslama şek ýetirmekde aýyplanýar


Türkiýäniň meşhur pianisti we kompozitory Fazil Saý penşenbe güni Stambulyň sudunda özüni gorap çykyş etdi. Ol yslama şek ýetirmekde aýyplanýar.

Nýu Ýorkda, Berlinde şykyş eden bu meşhur sazandanyň twitter sosial ulgamynda ýazan käbir kommentariýalary resmileriň üns merkezine düşdi. Ol hususan-da, bir müýezziniň namaza eden gysga çagyryşyny ýaňsy alypdy.

Fazil Saýyň 18 aýlyk türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin. Ýewropa Bileleşiginiň medeni ilçisi bolan Saý öz adyna edilýän aýyplamalary ret edýär we özüniň bigünädigini aýdýar. Sud diňlenişigi 18-nji fewrala çenli yza tesdirildi.
XS
SM
MD
LG