Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsariýanyň häkimiýetleri pul ýuwmakda aýyplanan özbek raýatlaryny boşatdy


Uly möçberde pul ýuwmak boýunça Şweýsariýada gozgalan işde Gulnara Karimowanyň ady geçýär.
Uly möçberde pul ýuwmak boýunça Şweýsariýada gozgalan işde Gulnara Karimowanyň ady geçýär.
Iýul aýynda Şweýsariýanyň häkimiýetleri tarapyndan tussag edilen Ozbegistanyň iki raýaty girew astynda tussaglykdan boşadyldy. Olar uly möçberde pul ýuwmakda güman edilip günälendi.

Şweýsariýanyň federal prokurorynyň sözçüsi Jeannet Balmer Alişer Ergaşewiň we Şohruh Sobirowyň 16-njy oktýabrda tussaglykdan boşadylandyklaryny penşenbe güni Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Mundan ozal Şweýsariýanyň mediasy Şweýsariýanyň häkimiýetleriniň 600 million şweýsar frankyny ($640 million) doňdurandyklary barada habar berdi. Dürli hasaplarda doňdurylan bu pullaryň Özbegistanyň awtoritar prezidenti Yslam Karimowyň gyzy Gulnara Karimowa bilen baglanyşygy bolan dört özbegistanly raýata degişlidigi aýdyldy.

Ergaşew we Sobirow Özbegistanyň “Koka-Kola” kompaniýasynyň dolandyryjy wezipelerinde işläpdiler. Bu kompaniýa öň resmi taýdan Karimowanyň öňki adamsyna degişlidi.

Şweýsariýadaky hasaplary doňdurylan beýleki iki raýat Gaýane Awakýan we Bekzod Ahmedowdyr.

Awakýan “Takilant” kompaniýasynda operator bolup işleýär. Häzir Şwesiýada bu kompaniýa boýunça derňew işleri alnyp barylýar.

Şwesiýanyň prokurorlary Şwesiýanyň döwletine bölekleýin degişli “TeliaSonera” telearagatnaşyk firmasynyň 3G boýunça lisenziýa eýe bolmak we Özbegistanyň bazaryna çykmak üçin bikanun ýol bilen “Takilantyň” daşary ýurtdaky hasabyna $320 million pul geçirip-geçirmändigini derňeýär.

Awakýan bolsa Karimowanyň Daşkentdäki “Dom stilýa” modalar öýüniň direktory bolup işleýär we ýygy-ýygydan Karimowa bilen surata düşýär.

Ahmedow Orsýetiň mobil telearagatnaşyk kompaniýasynyň Özbegistandaky bölüminiň başlygy bolup işledi. Ol geçen tomusda MTS-iň lisenziýasy bilen bagly dörän dawadan gaçyp, ýurdy terk etdi. Şol wagt özbek resmileri maliýe bidüzgünçilikleri derňemek bilen bu kompaniýanyň $1 milliard möçberde salgyt tölemegini talap edipdiler.

Öz gezeginde MTS kompaniýasy emläkden mahrum etmek üçin ýalan çaklamalar edenlikde özbek häkimiýetlerini aýyplady.

Ahmedowyň häzir nirede ýerleşýändigi belli däl. Özbek hökümetiniň talaby boýunça Interpol onuň gözlegini yglan etdi. Geçen aýda Özbegistanyň sudy Ahmedowy kezzaplykda we wezipesinden hyýanatly peýdalananlykda aýyplap, oňa gaýbana höküm çykardy.

40 ýaşly Karimowa BMG-niň Ženewadaky edarasynda Özbegistanyň hemişelik wekilidir. Onuň öz kakasy Yslam Karimowyň ornuna geljekdigi barada ýygy-ýygydan maglumatlar peýda bolýar. Yslam Karimow 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan bäri tebigy gaza baý Özbegistany gysymynda saklap dolandyryp gelýär.
XS
SM
MD
LG