Sepleriň elýeterliligi

Geratly zenanlaryň ölümi alada döredýär


Gerat şäheriniň ýerli keselhanalarynyň birinde geratly aýallar öz çagalaryna sanjym etdirtmek üçin garaşyp otyrlar. Gerat, 16-njy oktýabr, 2012.

Gerat şäheriniň ýerli keselhanalarynyň birinde geratly aýallar öz çagalaryna sanjym etdirtmek üçin garaşyp otyrlar. Gerat, 16-njy oktýabr, 2012.

Owganystanyň Gerat welaýatynda soňky wagtlar aýal-gyzlaryň öldürilmegi bilen baglanyşykly wakalar uly alada döredip başlady. Şu ýylyň başyndan bäri bu welaýatda 20-ä golaý zenanyň öldürilendigi habar berilýär.

Şu geçen şenbe güni şeýle wakalardan biri bilen baglanyşykly Najibullah atly 18 ýaşly bir ýaş ýigit tussag edildi. Maglumata görä, ol Eýran bilen serhet ýakadaky Gerat şäherinde şondan iki gün öň bir aýal maşgalany onuň kellesini kesip öldüripdir.

Ýakynda äre çykan 25 ýaşly Mahgül atly ýaş gelin öz öýüniň golaýynda garyndaşlary tarapyndan öli tapylypdyr. Şu hepdäniň duşenbe güni bu wakada aýyplanýan Najibullah žurnalistleriň we tele-reportýorlaryň öňünde eden çykyşynda bu zenany özüniň öldürendigini boýun aldy. Ol bu işe özüni öz daýzasy we Mahgülüň gaýyn enesi Parigülüň iterendigini aýtdy.

“Meniň daýymyň aýaly Parigül meniň şol aýaly öldürmelidigimi aýtdy. Men oňa ony öldürip bilmejekdigimi aýtdym. Olam maňa ‘Eger seniň özüň öldürip bilmeseň, onda maňa kömek et ony öldürmäge’ diýdi. Ol meni öz öýünde gizledi. Mahgülüň adamsy çörek dükanyna çykyp giden badyna, ol meni çagyrdy. Ol onuň aýagyny saklady, menem onuň kellesini kesip aýyrdym. Men ondan näme üçin Mahgülüň kellesini kesmegimi isländigini soradym. Olam maňa ‘Ol maňa gulak asanok, men ony ýigrenýärin’ diýip jogap berdi” diýip, tussaglykdaky Najibullah gürrüň berdi.

Problemanyň sebäpleri

Gerat welaýatynyň polisiýa edarasynyň başlygy general Abdul Gaffar bu waka bilen baglanyşykly Najibullahdan daşary bu öldürilen gelniň gaýyn enesiniň, gaýyn atasynyň we adamsynyň-da tussag edilendigini mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagt bu waka boýunça derňew işleri tamamlanypdyr we şol derňewiň netijesinde Mahgülüň öz gaýyn tarapynyň maşgala agzalarynyň özünden jelepçilik bilen meşgullanmak barada eden talaplaryndan ýüz öwrendigi anyklanypdyr.

Çarşenbe güni “Amnesty International” guramasy Gerat şäheriniň ýaşaýjysy Mahgülüň kellesiniň kesilip öldürilmegini berk ýazgaryp, ýörite beýanat ýaýratdy.

Bu guramanyň ABŞ-daky bölüminiň ýerine ýetiriji direktory “Mahgülüň tragiki ykbaly Owganystanda we regionda aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolup gelýän zorluk atmosferasyny aýdyň görkezýän wakalardan diňe biri” diýip belledi.

Bu wakanyň öňýany, oktýabr aýynyň başynda şu Gerat welaýatynyň Pamanare etrabynda 30 ýaşly başga-da bir aýal maşgalanyň burny, gulaklary, barmaklary kesilen ýagdaýdaky jesedi tapylypdy. Gerat welaýatynyň regional keselhanasynyň lukmanlary onuň öldürilmezinden öň rehimsizlik bilen gynalandygyny aýdýarlar.

Gerat welaýatynyň Aýal-gyzlar meselesi boýunça ofisi bu soňky pidalaryň bu welaýatda şu ýylyň başyndan bäri öldürilen aýal-gyzlaryň sanyny 20-ä golaýladandygyny aýdýar. Bu edaranyň aýtmagyna görä, şeýle ganly hüjümler, aglaba, bu aýal-gyzlaryň öz dogan-garyndaşlary tarapyndan amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG