Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mamaň, babaň kim? Suda çekilenmi?


Çagalardan nähili maksat bilen bu hili maglumatlaryň talap edilýändigini anyklamak başartmady.
Çagalardan nähili maksat bilen bu hili maglumatlaryň talap edilýändigini anyklamak başartmady.
Ejeň kim, kakaň kim, ataň kim, eneň kim, mamaň bilen babaň kim, nirede ýaşaýarlar, nirede işleýärler, suda çekilenmi? Bu soraglar haýsydyr bir ýere dokument tabşyrýan türkmenistanlylar üçin nätanyş däl.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe girizilen raýatlaryň üç arkasy baradaky maglumatlary, indi, çagalar bagynda terbiýelenýän çagalar hem bermeli. Elbetde, çagalara şeýle anketalary doldurmak başartmaýar. Olary ene-atalary doldurýar.

Anketada çaganyň kakasy, ejesi, atasy, enesi, doganlary, mamasy we babasy baradaky maglumatlar görkezilmeli. Olaryň doglan senesi, ýeri, işleýän ýa-da okaýan ýerleriniň ady, eýeleýän wezipeleri hem-de ahyrynda ýaşaýan ýerleriniň dogry adresi barada jikme-jik maglumat berilmeli. Munuň üstesine-de, çaganyň özüniň ady, familiýasy, doglan senesi, ýeri, milleti, terbiýelenýän çagalar bagynyň we gatnaýan toparynyň nomeri görkezilen goşmaça anketa hem doldurylmaly.

Çagalardan nähili maksat bilen bu hili maglumatlaryň talap edilýändigini anyklamak başartmady. Çagalaryň üç arkalary baradaky maglumatlaryň näme üçin gerek bolandygyny çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň özleri-de bilmeýäne meňzeýär. Olar diňe “GORONO soraýar” diýip jogap berýärler.

“Üç arka baradaky maglumatlaryň heniz 6 ýaşamadyk çagalardan soralmagy geň galdyrýar. Entek aga-gara düşünmeýän çagalary şolar ýaly gözegçilige almak nämä gerek?” diýip, çagalar bagynda ogly terbiýelenýän 38 ýaşly Nurmuhammet aýdýar.

Üç arka baradaky anketalar dürli-dürlidir. Olaryň käbirlerinde kazyýet jogapkärçiligine çekilmegi baradaky grafa bar, käbirlerinde bolsa ýok. Mysal üçin, geçen ýyl mekdep okuwçylary üç arka baradaky anketalary dolduranlarynda kazyýet jogapkärçiligine çekilmek baradaky grafa bardy.

Raýatyň üç arkasy hem-de olaryň maşgala agzalary baradaky maglumatlar mekdep okuwçylaryndan, ýokary okuw jaýlaryna okamaga girýän studentlerden, döwlete degişli edara-kärhanalaryna işe girýän adamlardan hem soralýar.

Dürli çaklamalar bar

Şol bir wagtda hem bu düzgüniň nähili maksatlar üçin girizilendigi hem-de haýsy kanuna laýyklykda amala aşyrylýandygy barada resmiler tarapyndan düşündiriş berilmeýär. Şol sebäpden ilat arasynda bu barada diňe çaklamalar bar.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýerli synçynyň pikiriçe, üç arka baradaky maglumatlar adamlary total gözegçilikde saklamak üçin edilýär.

“Islendik totalitar ýa-da awtoritar syýasy režimli ýurtda döwlet adamyň şahsy durmuşy bilen içgin gyzyklanýar. Onuň durmuşyny doly gözegçilikde saklajak bolýar. Şonuň üçinem, propiska ýa-da üç arka ýaly düzgünler girizilýär” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.

Käbir synçylaryň pikiriçe, üç arka baradaky maglumatlaryň soralmagy raýatyň öz şahsy durmuşynyň goraglylygyny kepillendirýän konstitusion hukugyny kemsidýär. Raýatlaryň bu hili hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 25-nji maddasynda kepillendirilen. Ýöne, muňa garamazdan, ilatyň aglaba bölegi üç arka baradaky maglumatlaryň soralmagyna o diýen ýiti reaksiýa bildirmeýär. Adamlar bu hili maglumatlaryň soralmagyna adaty ýagdaý ýaly garaýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň hem köpüsi çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň üç arkasy hem-de maşgala agzalary baradaky maglumatlaryň soralmagyna adaty býurokratik prosedura hökmünde garaýandyklaryny aýdýarlar. Olarda bu ýagdaýa “getir diýseler eltip bereris” diýen terzde garaýyş bar. Ýöne, muňa garamazdan, ilat arasynda üç arka baradaky maglumatlaryna negatiw garaýyşly pikirlerem bar.

“Üç arka ýa-da maşgala agzalarynyň geçmişi yzarlanyp, iş karýeralary, durmuşy döwlen adamlar az däl. Şu nukdaýnazardan, döwlet öz raýatlaryndan ar alýan ýaly hem bolup görünýär” diýip aşgabatly synçy aýdýar.

Käbir raýatlaryň aýtmaklaryna görä, üç arka baradaky maglumatlar diňe bir işe ýa-da okuwa girilende däl, eýsem, raýatyň okap ýa-da işläp ýören wagty hem birnäçe gezek soralyp bilinýär.
XS
SM
MD
LG