Sepleriň elýeterliligi

Putin mekdeplerde dini baş örtgüleriň ulanylmaly däldigini aýdýar


Penşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň okuw jaýlarynda baş örtgüleriň ulanylmagyna garşy çykyş etdi.

Orsýetdäki bu ynjyk mesele barada prezident Putin ilkinji gezek Stawropol ülkesinde ýüze çykan waka bilen baglanyşykly söz açdy. Orsýetiň şu günorta regionyndaky mekdepleriň biriniň direktory ýakynda öz ýolbaşçylyk edýän mekdebinde musulmanlaryň baş örtgüsiniň ulanylmagyny gadagan edipdi.

Bu waka bilen baglanyşykly žurnalistleriň soragyna jogap berip eden çykyşynda Wladimir Putin Orsýetiň dünýewi döwletdigini we hemmeleriň deňligini üpjün etmelidigini belläp, özüniň mekdeplerde dini baş örtgüleriň ulanylmagyna garşydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG