Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Açlyk çekýän oppozisiýa lideri keselhana düşdi


Penşenbe güni giçlik Gyrgyzystanyň tussaglykdaky oppozisiýa lideri Kamçybek Taşiýew açlyk çekmegi bilen baglanyşykly saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli türmäniň keselhanasyna ýerleşdirildi.

Oppozision “Ata-žurt” partiýasynyň lideri Kamçybek Taşiýew we bu partiýadan ýene iki sany parlament deputaty ýakynda köpçülikleýin bulagaýçylyk döretmek we häkimiýeti agdarmak synanyşygynda aýyplanyp, tussag edilipdi.

3-nji oktýabrda müň töweregi protestçiniň öňünde eden çykyşynda Taşiýew öz tarapdarlaryny parlamentiň binasyny güýç bilen eýelemeklige çagyrypdy. Kamçybek Taşiýewiň aklawçysy onuň suddan öň wagtlaýyn tussaghanada iki aýlap saklanmagyna protest bildirip, açlyk yglan edendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG