Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Abadan şäherinde 96 maşgala täze jaýly boldy


Penşenbe güni Türkmenistanyň mediasy Abadan şäherinde 96 sany maşgalanyň häzirkizaman tipli ýaşaýyş kwartiralary bilen üpjün edilendigini habar berýär.

Ýöne resmi medianyň maglumatyna görä, bu maşgalalar täze gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky bu kwartiralary 30 ýyllyk ipoteka kreditleri arkaly satyn alypdyrlar.

Maglumata görä, Abadan şäherindäki bu täze ýaşaýyş kompleksi türkmenistanly “Baktriýa”, “Bozýab” we “Goňurbaş” gurluşyk kompaniýalary tarapyndan ulanylyşa tabşyrylypdyr.

Geçen ýylyň tomsunda bu şäheriň golaýyndaky ýarag ammary partlanda, şäherdäki jaýlaryň örän köpüsine zyýan ýetipdi. Häkimiýetler şonda zyýan çeken ähli maşgalalara talabalaýyk ýardamlaryň berlendigini habar beripdiler.
XS
SM
MD
LG